Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurduň saglyk ulgamynyň 'dünýä derejesine çykarylandygyny' aýdýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dermanhanadaky suraty
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dermanhanadaky suraty

Türkmenistanyň prezidenti 21-nji iýulda ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady diýip, TDH habar berýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çap edilen gutlagda Türkmenistanda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy aýdylýar.

Şeýle-de türkmen telewideniýesi bu baýram mynasybetli prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýerli resmilerden köp sanly gutlagyň gelip gowşandygyny habar berýär.

Berdimuhamedowyň gutlagynda Türkmenistanda “saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenilýär.Aýdylmagyna görä, bu maksatnamanyň kabul edilenine 24 ýyl dolýar.

Emma ýerli synçylar, saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara çykan türkmenistanly näsaglar, şol sanda öňki saglyk işgärleri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde garaşsyzlyk ýyllarynda, başda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň saglyk işgärleriniň iş orunlaryny köpçülikleýin kemeltmegi netijesinde, soňra prezident Berdimuhamedowyň köplenç gymmatbaha desgalaryň gurluşygyna üns berip, ilata edilýän saglyk hyzmatynyň hiline ýeterlik üns bermezligi sebäpli, ýurtda ýönekeý adamlara edilýän saglyk hyzmatynyň hiliniň örän peselendigini aýdýarlar.

Mundan başga, Azatlygyň maglumatlaryna görä, ýurtdaky işsizlik, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşmegi, derman we azyk gytçylygy, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa, hukuklary bozulan adamlaryň häkimiýetlere arz edip, adalaty gazanyp bilmezlikleri hem adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri çap edilmedi.

XS
SM
MD
LG