Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow dynç alyşdan duralga taslamalaryny görmäge gelip, öz ölümi hakyndaky gürrüňlere 'suw sepdi'


Prezident G.Berdimuhamedow Aşgabat-sitiniň taslamalary bilen tanyşýar. 24-nji iýul, 2019 ý. TDH-nyň suraty.
Prezident G.Berdimuhamedow Aşgabat-sitiniň taslamalary bilen tanyşýar. 24-nji iýul, 2019 ý. TDH-nyň suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýulda, ölendigi barada ýaýran gürrüňleriň fonunda, dokuz günde ilkinji gezek telewideniýede görkezildi.

Şeýle-de şol gün prezidentiň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşendigi iki ýurduň hem mediasy tarapyndan habar berildi.

TDH-nyň habarynyň başynda nygtalyp aýdylmagyna görä, türkmen hökümetiniň ýolbaşçylary 15-nji iýuldan 15-nji awgusta çenli dynç alýar.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow tomsuň yssy howasynda penjek geýip, galstuk dakynyp gelip, paýtagt häkiminiň haýyşy boýunça, “şäher içindäki täze şäheriň” - Aşgabat-sitiniň taslamalary, hususan-da ak öý, gadymy Nusaý, Soltan Sanjaryň aramgähi şekillerinde guruljak duralgalar bilen tanyşdy.

Ýöne gysga telesýužetiň dowamynda prezidentiň öz aýdan bir sözi hem eşitdirilmedi, şol bir wideo şekilleri gaýtalanyp görkezildi.

Adatça dynç alşa çykanda hem “Watan” habarlaryndan daşlaşmaýan Berdimuhamedow mundan öň telewideniýede 15-nji iýulda, kitap ýazýan, agtyklary bilen pişik oýnaýan görnüşde görkezildi. Şondan öň ol döwlet telewideniýesinde 5-nji iýulda, hökümet mejlisinde görkezilipdi.

Berdimuhamedowyň dynç alyş mahalynda ýogalandygy baradaky gürrüňler ilki sosial ulgamlarda, soňra rus metbugatynda peýda boldy.

Bu gürrüňler Moskwadaky we Bişkekdäki türkmen türkmen ilçihanalary tarapyndan ret edildi, türkmen prezidentiniň ölümini rus mediasynda ilkinji bolup tassyklan ýerli ekspert öz sözüni yzyna aldy, emma resmi Aşgabat il içine ýaýran gürrüňleri ýalana çykarmak üçin prezidentiň adyndan ýazylan gutlaglary ýa kararlary çap etmekden aňryk geçmedi.

Metbugat azatlygy boýunça regional ekspert Ýohan Bir 21-nji iýulda twitterde bu ýagdaýa ünsi çekip, Türkmenistan bilen bagly gep-gürrüňleriň Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Metbugat azatlygy indeksinde iň soňky orny eýelän ýurtdan dogry-dürs maglumat almagyň nähili kyndygyny görkezýändigini aýtdy.

24-nji iýuldaky "Watan" maglumatyndan soň daşary ýurt neşirlerinde “türkmen lideriniň telewizoryň ekranyna dolanyp gelip, öz ölümi baradaky gürrüňleri soňlaýandygy” habar berildi.

Şeýle-de bu gürrüňler regionyň beýleki liderleri bilen bagly ölüm gürrüňleriniň ýatlanmagyna sebäp boldy.

Mysal üçin, 2015-nji ýylda rus lideri Wladimir Putiniň 10 günläp jemgyýetde görünmezligi bir topar gep-gürrüň döretdi. “Emma Putiniň žurnalistleriň öňünde durup biljek adamy, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bar, Türkmenistanda bolsa çykyp, sözüni aýtmaga taýýar bir resmi hem ýok” diýip, AFP-niň makalasynda aýdylýar.

Şeýle-de AFP Türkmenistanda işlemek rugsadyny alan daşary ýurt habar gulluklarynyň juda azdygyny, üstesine olaryň hökümetden, hususan-da ýurduň “Arkadagy” diýip bilinýän Berdimuhamedowyň işjeňligi barada maglumat almak synanyşyklarynyň köplenç ümsümlik diwaryna uçraýandygyny belleýär.

Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň täze metbugat kanuny kanul edildi we senzuranyň gadagan edilýändigi, ministrliklerde we häkimliklerde žurnalistleriň soraglaryna jogap berýän ýörite wekilleriň boljakdygy aýdyldy.

Emma bu kanun kagyz ýüzünde galdy we şu ýyl Türkmenistan metbugat azatlygynyň derejesi boýunça Demirgazyk Koreýadan hem yzky orna düşdi. Şol bir wagtda Berdimuhamedow baş wezipesi prezidenti we onuň "gazanan üstünliklerini" wasp etmekden ybarat bolan habar serişdeleriniň işinden hemişe nägile bolýar.

XS
SM
MD
LG