Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow diňe atlary, itleri däl, köpçülikleýin ýok edilýän pişikleri hem 'gowy görýär'


Türkmen telewideniýesi 15-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dynç alşyny görkezdi.
Türkmen telewideniýesi 15-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dynç alşyny görkezdi.

Türkmen telewideniýesi 15-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky kitabynyň 11-nji tomunyň üstünde işländigini we ony tamamlandygyny habar berdi. Eurasianet neşiri bu derman ösümlikleriň Türkmenistanyň ykdysady dertlerini bejerip biljegini sorag astyna aldy.

Prezident kitap tamamlamak işiniň gapdalyndan öz agtygy bilen döredýän täze saz eserini diňlemäge, agtyklary bilen arassa howada gezim etmäge, pişik oýnamaga hem ýetişdi.

Bu wideosýužet Türkmenistanda soňky ýyllarda eýesiz itleriň we pişikleriň başyndan inen apatyň dowam edýändäigi baradaky habarlaryň fonunda efire berildi.

Mundan öň Berdimuhamedow halkara habar serişdelerinde atlary we itleri gowy görýän, taýçanaklar we kiçijik güjükler bilen oýnaýan döwlet baştutany hökmünde tanalýardy, indi onuň pişikleri hem gowy görýändigi mälim boldy. Bu habarda ile ýetiriljek bolnan esasy täzelik türkmen prezidentiniň täze eseri bilen däl, eýsem pişikleri hem gowy görýändigi bilen bagly bolup görünýär.

Çaganyň öý haýwanlaryna bolan gatnaşygyny synlap, onuň jogapkärçiliginiň, daş-töweregini gurşap alýanlar barada alada edip bilşiniň derejesini kesgitläp bolýar” diýip, TDH reportažyň dowamynda belleýär.

Soňra habarda Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda haýwanlar üçin ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanasynyň işini guramak barada eden teklibi ýatladylýar.

Bu teklip garaşsyz neşirlerde Türkmenistanda gynalyp öldürilýän öý haýwanlary, öý haýwanlaryny goraýjylaryň häkimiýetler tarapyndan ýanalyşy, gorkuzylyşy we hatda tussag edilişi barada çykan maglumatlardan soň edildi. Şol bir wagtda, bu hassahananyň haçan guruljagy, oňa çenli eýesiz haýwanlaryň nä günleri görjegi belli bolman galýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda eýeleriniň jaýlary ýykylyp, ýa-da it-pişik saklamaga gurby ýetmän, köçede galan itleriň, pişikleriň jemagat hojalygy işgärleri tarapyndan gazaply, gynalyp öldürilişi barada çykýan habarlardan çen tutulsa, Türkmenistanda çagalaryň däl, ulularyň hem öý haýwanlaryna bolan gatnaşygy sorag astynda bolup görünýär.

Ýöne ýerli synçylar il içinde öý haýwanlaryna rehimdarlyk edýän, olary göni gelen ajaldan alyp galmaga, goramaga çalyşýan adamlaryň hem bardygyny habar berýärler.

Mysal üçin, golaýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň 30-njy etrapçasynda jemagat hojalygy edarasynyň bir işgäriniň köçä taşlanan güjükleripil bilen mynjyratmaga çalşandygyny, emma ýaşaýjylaryň ol janaweri halas edendiklerini habar berdi.Şonda bir güjük ýaralandy we habarçymyz ol janawerleriň suratyny hem aldy.

Azatlygyň habarçysy şu aralykda Aşgabatdaky haýwanlary goraýjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Jandarlary goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, olar Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň şäheri eýesiz haýwanlardan arassalamakdaky “baş wekiliniň” şahsyýetini anyklamagy başardylar.

H.B. bu derejä Aziadanyň öňüsyrasynda paýtagty öýsüz haýwanlardan arassalamakda görkezen edermenligi üçin mynasyp görüldi, ol Durdylyýewiň jandarlary ýok etmekdäki iň ynamdar wekili bolup durýar” diýip, aşgabatly jandar goraýjy radionyň habarçysyna aýtdy. Şeýle-de ol onuň çagalar bagynyň meýdançasynda güjükli ganjygy gynap öldürişi barada gürrüň berdi.

Asly Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan bolan H.B. 16-njy maýda günortan birnäçe adamy ýanyna alyp, Aşgabadyň 7-nji mekdebiniň golaýynda ýaşaýan jandar goraýjynyň kwartirasyna kürsäp urýar. Olar naçar adama hiç zat düşündirmän, onuň eline gandal urup, bug batareýasyna baglaýarlar we diňe şondan soň goňşularynyň şikaýat edendigini aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysynyň ýazyp ibermegine görä, häkimiýet wekilleri öýdäki jandarlaryň weterinar kartoçkalarynyň, talap edilýän sanjymlarynyň bardygyna garaman, kwartiranyň içinde ylgap, haýwanlary tutmaga başlaýarlar.

Jandar goraýjy aýalyň öýünde iki sany maýyp it, dört sany hem pişik ýaşaýn eken. Itleriň biriniň art aýaklary ysmaýardy, ikinji it oňa açyk ýaraly halda berlipdi we oňa operasiýa edilipdi.

Zähreleri ýarylan jandarlar hatda gaçmaga-da synanmadylar, bu operasiýa H.B.-nyň hut özi ýolbaşçylyk etdi, jandarlary 69-59 nomerli maşyna dykdylar, bir pişigi bolsa, asfalta urup, göz edip öldürdiler” diýip, jandar goraýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Jandarlara nebsi agyran adamlar bu wakadan soň degişli edaralaryň ählisine ýüz tutdular, emma şäheriň jemagat hojalygy edaralaryndan hiç maglumat alyp bolmady. Degişli gulluklaryň ilatyň soraglaryna jogap bermeli işgärleri jandarlary goraýjylar bilen gürleşemegem islemdiler. Ahyrynda pişikleriň öldürilendigi anyklandy, maýyp iti bolsa H.B-nyň 69-59 nomerli awtomobilinde wagşylarça öldürilen halda tapdylar. Diňe aýaklary ysmaz bolan iti Çoganlydaky wagtlaýyn penahana, jandarlaryň haýallyk bilen öldürilýän ýerine eltipdirler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran jandar goraýjy gürrüň berdi.

Şeýle-de ol häkimiýet wekilleriniň jandarlary goraýjylar barada her hili hapa töhmetleri ýaýradýandyklaryny aýtdy.

It-pişikleriň dowamly we köpçülikleýin ýok edlmeginiň yzy bilen Aşgabatda alakalaryň köpelendigi we olaryň indi köçä gündizlerine hem arkaýyn çykyp başlandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG