Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Atambaýew Moskwada Putin bilen gepleşik geçirýär


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew (ortada) 24-nji iýulda Orsýetiň Kantdaky howa bazasyndan Gyrgyzystany terk etdi.
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew (ortada) 24-nji iýulda Orsýetiň Kantdaky howa bazasyndan Gyrgyzystany terk etdi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirýär. Atambaýew öz ýurdunda 2011-2017-nji ýyllarda döwlet başynda bolan döwründe wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

25-nji iýulda Kremliň websaýtynda çap edilen wideoda Wladimir Putin özüniň Atambaýew bilen bir gün öň duşuşandygyny we öňki sowet ýurdundaky ýagdaýy hem tutuş Merkezi Aziýa regionyndaky ýagdaýy maslahat edendigini mälim etdi.

Gyrgyzystan eýýäm çynlakaý içerki syýasy sarsgyny bilen ýüzbe-ýüz boldy, has takygy, azyndan ikisi bilen, we meniň pikirimçe, bu sanda togtamak gerek" diýip, Putin Gyrgyzystanda 2005-nji we 2010-njy ýyllarda prezidentleri agdaran we 100 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan hökümete garşy zorlukly protestleri agzady.

"Ýurda syýasy durnuklylyk gerek we [gyrgyz] halkynyň ählisi wezipe başyndaky prezidentiň daşynda jebisleşip, ýurdy ösdürmäge ýardam bermeli" diýip, Putin aýtdy.

Putiniň çykyşy Atambaýewiň we onuň ornuna geçen Sooronbaý Jeenbekowyň arasynda garşylygyň dowam edýän döwrüne gabat geldi. Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Putin bilen 11-nji iýulda Moskwada duşuşdy.

XS
SM
MD
LG