Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky protestlerde 300-den gowrak adam tussag edildi


Protestler. Moskwa, Twerskaýa köçesi. 14-nji iýul, 2019.
Protestler. Moskwa, Twerskaýa köçesi. 14-nji iýul, 2019.

Orsýetiň paýtagty Moskwada, polisiýanyň ygtyýar berilmedik ýygnanyşygyň öňünden aýaga galdyrylmagy bilen, 300-den gowrak adam, şol sanda birnäçe oppozisiýa agzasy tussag edildi.

27-nji iýuldaky demonstrasiýa Moskwa häkimiýetleriniň sentýabrda geçiriljek ýerli saýlawlara dalaşgär bolmak islän oppozisiýa kandidatlarynyň birnäçesini hasaba almakdan ýüz döndermegine garşylyk görkezmek üçin planlaşdyryldy.

Esasy protest lideri Alekseý Nawalnyý türmede hem bolsa, guramaçylar 27-nji iýuldaky ýygnanyşygyň 20-nji iýulda 20 müň adamy öz içine alan protest demonstrasiýasyndan hem uly boljakdygyny aýdýarlar.

Nawalnyý öz özüniň gapdalynda, ylgamaga çykanda saklanyp, adamlary öňde duran we şäher häkimiýetlerinden rugsat alynmadyk ýygnanyşyga çagyrandygy üçin, jeza hökmünde, 30 gün tussaglyga höküm edildi.

Syýasy tussag etmelere gözegçilik edýän OVD-Info-nyň maglumatyna görä, 27-nji iýuldaky protestlerden öň we demonstrasiýa mahalynda polisiýa azyndan 317 adamy tussag etdi.

27-nji iýulda Moskwada, demionstrasiýa başlanmazyndan öň, azyndan 20 adam, şol sanda geljekki kandidatlar hem tussag edildi. Tutulan kandidatlaryň arasynda Iwan Ždanow, Ilýa Ýaşin we Dmitriý Gudkow dagy hem bar.

XS
SM
MD
LG