Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri prezident hakynda ýaýran gürrüňlere ynanmazlyga çagyrýar


Türkmenistanda öňe çykarylýan sahna wekilleri sosial mediada 'duryalan' kampaniýasyna başlady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alşyny we gutlagdyr gynanç hatlaryny çap etmegi dowam etdirýär, şu aralykda türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri: aýdymçylar, şortalar, aktýorlar we toý dabaralaryny alyp baryjylar, dilleşen ýaly, sosial ulgamlarda prezident hakynda sosial mediada we rus mediasynda ýaýradylan "ýakymsyz gürrüňlere" garşy “durýalan” kampaniýasyna başlady.

Mundan öň türkmen aýdymçylary, hökümeti we onuň alyp barýan syýasatyny goldap, "Arkadag aýdymlary" bilen yzygiderli çykyş etseler-de, bu hili sosial media garşy duruş aktiwliklerine gatnaşmandylar.

Aýdymçylaryň bu aktiwleşmesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunisiň prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny çap etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen režimini goldaýan we sosial mediada iň meşhur hasaplanylýan, muşdaklary on müňlerçe bolan sahna wekilleriniň birnäçesi prezident Berdimuhamedowyň ýogalandygy barada ýaýran gürrüňlere ynanmazlyga çagyryp, olaryň ýalandygyny nygtap, beýle gürrüňleri ýaýradýanlary ýazgaryp, instagramda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Mysal üçin, sosial mediada müňlerçe eýerisjisi bolan Ýagşy Goşunow "ýalan töhmetlere" ynanmazlyga çagyryp, olary ýaýradýanlaryň ýüzlerine "köz basylmagyny" dileýär, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe oppozisiýa wekilleri tankyt edilende köp ulanylan "It ýürer, kerwen geçer" diýen nakyly ýatladýar.

Şunuň ýaly guramaçylykly aktiwlik goňşy Özbegistanda, uzak wagtlyk prezident Yslam Kerimowyň ýogalandygy baradaky gürrüňler ýaýranda, özbegistanly aýdymçylar tarapyndan hem görkezilipdi. Olar hem Kerimowyň ölümi baradaky geplere ynanmazlyga çagyrypdylar.

Instagramda peýda bolan ýüzlenmeleriň ýene biriniň awtory, toý dabarlaryny alyp barmakda hem tanalýan Begmyrat Amangulyýew bolsa, "yalan we töhmetcilikli maglumata "dur" we "bes indi" diyip aýdalyň" diýýär hem-de "Geliň özlermiziň sahypalarmyzda ýalan maglumat ýaýradanlara gysga yúzlenmelermizi #duryalan heşteg bilen ýaýradalyň" diýip, öz kärdeşlerine ýüzlenýär.

Mähriban dostlarym! Şeýle ýalan maglumatlara ynanmaň! Ol maglumaty ýaýradýanlaryň maksady - Halkyň arasyna howsala salmak, milletiň agzyny alartmak. Bu Olara başartmaz!” diýip, ýüzlenmede aýdylýar.

Selbi Tuwakgylyjowa diňleýjilerinden özüniň dykgat bilen diňlenmegini haýyş edýär we "watan dönüklerine" nälet okanyndan soň, watanyň nämedigini düşündirýär; "watanyndan aýrylan", "uzaklarda watan zaryny çekýän" türkmenistanlylara duýgudaşlyk bildirýär, olaryň ýurduna gaýdyp gelmegini arzuw edýär.

Şol bir wagtda, her biriniň instagramda onlarça müň eýerisjisi bolan aýdymçylar öz aýdýan sözleri bilen bagly hiç bir anyk fakt getirmeýärler.

Döwlet eýeçiligindäki telewidenýäniň "Watan" habarlar programmasyndan has kän diňleýjisi bolan türkmen artistleriniň ýene biri Mergen Annamuhamedow bolsa, bu kampaniýasnyň çägindäki duýgularyny goşgy setirlerinde beýan etmäge synanyşdy.

Bu ýüzlenmeler çap edileninden soň kän wagt geçmänkä instagramda garşylykly reaksiýalar hem peýda boldy. Olarda türkmen sahnasynda tanalan artistler, estrada aýdymçylary ýaňsa alynýar we olaryň prezidentiň ölümi barada ýaýran habarlaryň ýalandygyny "Watan" habarlar programmasynda subut etmekleri soralýar.

Instagramdaky garşylykly reaksiýalaryň käbirinde artistler "diktator söýüjiler", "ikiýüzli adamlar" hökmünde häsiýetlendirilýär we olaryň üstünden şikaýat etmäge çagyrylýar.

Instragramda üstlerinden "report edilmekçi" bolunýan aýdymçylar.
Instragramda üstlerinden "report edilmekçi" bolunýan aýdymçylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TDH-nyň maglumatyna görä, 15-nji iýuldan bäri dynç alýar.

Emma muňa garamazdan, 20-21-nji iýulda sosial mediada we rus metbugatynda ýaýran ölüm gürrüňlerinden soň, döwlet baştutanynyň, paýtagtyň şäher häkiminiň haýyşy boýunça, 24-nji iýulda Aşgabatdaky duralga taslamalaryny görmäge gelendigi habar berildi.

Şol bir wagtda, Moskwadaky we Bişkekdäki türkmen ilçihanalarynyň inkär etmesinden başga, türkmen hökümeti-de, döwlet eýeçiligindäki resmi media hem prezidentiň ölümi hakynda ýaýran gürrüňlere açyk-aýdyň reaksiýa bildirmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG