Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan harbylary ekstremistleriň 10 esgeri öldürendiklerini aýdýar


Pakistan esgerleri
Pakistan esgerleri

Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristanda we Bulujystanda jeňçileriň aýry-aýrylykda hüjüm edip, azyndan 10 esgeri öldürendiklerini aýdýar.

Ilkinji hüjümde, 27-nji iýulda ekstremistler owgan serhediniň beýlesinden Demirgazyk Waziristan tire etrabynda patrulçylyk edip ýören esgerleri oka tutanlarynda, alty esger öldürildi.

Pakistanyň “Talybany”, bu sebitdäki öňki hüjümlerde-de bolşy ýaly, bu hüjümiň jogapkärçiligini hem öz üstüne aldy.

Demirgazyk Waziristan uzak wagt bäri “Talybanyň” we beýleki jeňçileriň mesgeni bolup durýar.

XS
SM
MD
LG