Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagyrda jaýlary ýykylan onlarça maşgala mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ahal welaýatynyň Bagyr obasynda howly jaýlary ýykylan onlarça maşgala mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Geçen we ondan öňki ýyl Bagyr obasynda ýerleşýän Nusaý galasynyň golaýyndaky howly jaýlaryň ençemesi ýumruldy. Şondan bäri ýaşaýjylaryň köpüsine ne kompensasiýa tölediler, ne-de ýykylan jaýlaryna derek başga jaý berdiler. Şol sebäpli indi bir ýyldan gowrak wagt bäri jaýy ýykylan adamlaryň onlarçasy Bagyr obasyndaky mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýar. Olaryň arasynda Çoganlyda jaýy ýykylan bir sany maşgala hem bar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy iýulda gürrüň berdi.

Mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýan ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň sözlerine görä, jaý ýykyşlyk amala aşyrylan mahalynda, ýaşaýjylara täze kwartiralaryň beriljekdigi wada berlipdir.

Şondan soňra käbir ýaşaýjylar täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilen bolsa-da, olaryň aglabasyna kwartira berilmändir.

Azalyk Radiosynda gürrüňi edilýän mekdepleriň ýerleşýän ýeri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylan maglumatlar barada Ahal welaýat häkimligi we mekdepler bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabatda “şäheri abadanlaşdyrmak” çäreleriniň çäginde howly we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi ýykyldy.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosy we hukuk guramalary hususy jaýlaryny, emlägini ýitiren käbir adamlara ençeme ýyllap ýeterlik kompensasiýa ýa-da hiç hili jaý berilmeýändigini birnäçe gezek habar berdi.

Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň häkimiýetleriniň hususy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýene ençemesiniň ýykyljakdygy barada emläk eýelerine duýduryş berendigini aýtdy.

“Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçalaryň ýaşaýjylaryna ýene bir aýdan jaýlarynyň ýykyljakdygyny duýdurypdyrlar. Bu ýerde onlarça ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagyna garaşylýar” diýip, habarçy bu ýerde ýaşaýan ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şonda habarçy Aşgabadyň häkimiýetleriniň hususy ýaşaýyş jaýlary ýykyljak ýaşaýjylara başga ýerlerden kwartiralaryň beriljekdigi barada wada berendigini, ýöne onuň nähili esasda beriljekdiginiň aýdyň bolman galýandygyny belläpdi.

Türkmenistanda ýykylýan ýaşaýyş jaýlarynyň deregine köplenç uly-uly binalar, kongres zallary, Ak öýler, sport desgalary, myhmanhanalar, kitaphanalar, Medeniýet öýleri ýa-da ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi şol gurulýan desgalaryň bir toparynyň köplenç boş durýandygy aýdýarlar.

Ýurtda käbir binalaryň boş durandygyny Türkmenistanyň prezidenti hem 12-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda tassyklady.

22-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy gurluşygy dowam edýän Halkara kongres merkeziniň edil garşysynda başga bir “Maslahatlar merkeziniň” eýýäm bardygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG