Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Açylowanyň ýurtdan çykmagyna girizilen çäklendirmäniň öz güýjünde saklanýandygyny aýdýarlar


Soltan Açylowa
Soltan Açylowa

Garaşsyz türkmen žurnalisti Soltan Açylowa Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyndan resmi jogap gelip gowşup, onda žurnalistiň ýurduň çäginden çykmagyna girizilen çäklendirmäniň öz güýjünde saklanýandygy aýdylýar.

Bu barada 29-njy iýulda habar beren “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy tarapyndan Açylowa gelip gowşan resmi jogabyň nusgasyny çap etdi.

Ýatlatsak, şu ýylyň 11-nji martynda Açylowa Gürjüstanda geçirilen halkara seminara gatnaşmak üçin Aşgabadyň halkara aeroportundan Stambulyň üsti bilen tranzit Tbilisä uçjak bolanda, onuň ýurduň daşyna syýahat etmegine rugsat berilmändi. Şonda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Aşgabadyň aeroportundaky resmileri žurnaliste ýurduň daşyna çykmagyň gadagandygyny mälim edipdiler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, bu wakadan soňra Açylowa özüniň hereket etmek azatlygyna çäklendirmäniň girizilmeginiň sebäplerini düşündirmegi sorap, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyna arza ýazýar.

“Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurbansoltan Açylowa (Red: Žurnalistiň doly ady) siziň gullugymyza 03.05.2019-njy ýylda gelip gowşan arzaňyzyň öwrenilendigini we degişli edaralaryň garamagyna ugradylandygyny, şeýle hem degişli edaralaryň gelen netijesine görä siziň ýurduň çäginden çykmaklygyňyza girizilen çäklendirmäniň öňki güýjünde galdyrylandygyny habar berýäris” diýlip, resmi hatda aýdylýar.

16-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygy S.Imamberdiýewiň goly goýlan resmi jogapda Açylowa girizilen gadagançylygyň sebäpleri düşündirilmeýär.

26-njy martda Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) türkmen häkimiýetleriniň žurnalist Soltan Açylowanyň ýurduň daşyna erkin syýahat etmegine rugsat bermelidigini aýdyp, beýanat ýaýradypdy.

Ýaşy 70-e golaýlan žurnalist Soltan Açylowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen ençeme ýyl işleşipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG