Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

CPJ: Türkmenistan Soltan Açylowanyň ýurduň daşyna syýahat etmegine rugsat bermeli


Soltan Açylowa

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) türkmen häkimiýetleriniň ştatdan daşary habarçy Soltan Açylowanyň ýurduň daşyna erkin syýahat etmegine rugsat bermelidigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

“Garaşsyz “Hronika Türkmenistan” habar websaýty bilen işleşýän aşgabatly habarçy Açylowa 11-nji martda halkara gatnawyny amala aşyrýan uçara goýberilmedi. Bu barada media maglumatlary we Žurnalistleri goramak baradaky komitet bilen söhbetdeş bolan “Hronika Türkmenistanyň” ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin habar berýär” diýlip, komitetiň 26-njy martda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Tuhbatuliniň sözlerine görä, migrasiýa ofiseri Açylowa onuň ýurtdan çykyp bilmeýändigini aýdypdyr, ýöne munuň sebäpleri barada düşündiriş ýa-da resminama bermändir.

Komitet öz beýanatynda, mundan öň Açylowanyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigini, fiziki zorluga sezewar edilendigini we oňa žurnalistika işi bilen bagly haýbat atylandygyny ýatladýar.

“Türkmenistanyň häkimiýetleri garaşsyz baýry žurnalist Soltan Açylowa garşy girizilen syýahat gadagançylygyny dessine ýatyrmaly we onuň halkara saparlaryny amala aşyrmagyna tugsat bermeli. Açylowa we beýleki birnäçe žurnalist dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri barada habar berip, möhüm işi amal edýän mahaly, olaryň yzygiderli yzarlanmagy bes edilmeli” diýip, CPJ-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasy boýunça koordinatory Gulnoza Said aýtdy.

Açylowa Aşgabadyň halkara aeroportundaky passport barlag nokadynda saklanan mahaly, Stambulyň üsti bilen Gürjüstana uçup, Tbiliside geçiriljek seminara gatnaşmagy planlaşdyrýardy diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Komitet özüniň, raýatlara syýahat etmek gadagançylygyny girizip biljek hökümet guramalarynyň hatarynda hasaplanýan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Baş prokuratura edarasy bilen habarlaşmaga synanyşandygyny, ýöne bu edaralardan jogap alyp bilmändigini hem belleýär.

Ýaşy 70-e golaýlan žurnalist Soltan Açylowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen ençeme ýyl işleşipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG