Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Askarowyň höküminiň güýjünde galdyrylmagyny 'adalatsyzlygyň dabaralanmagy' atlandyrdy


Azimjan Askarow sud zalynda. Bişkek, 10-njy ýanwar, 2017
Azimjan Askarow sud zalynda. Bişkek, 10-njy ýanwar, 2017

“Amnesty International” guramasy gyrgyz sudunyň tussaglykdaky adam hukuklaryny goraýjy, etniki özbek Azimjan Askarowyň ömürlik tussaglygy baradaky hökümini güýjünde galdyrmak barada çykaran kararyny “adalatsyzlygyň dabaralanmagy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Adam hukuklaryny goraýan gurama 31-nji iýuldaky beýanatyndaAskarowyň azat edilmegi barada ýene bir gezek çagyryş edip, 68 ýaşyndaky tussagy “wyždan bendisi” hökmünde häsiýetlendirdi.

"Biz Gyrgyzystanda ýene-de adalatsyzlygyň dabaralanýandygyny görýäris.[Gyrgyz]häkimiýetleriniň halkara kanunçylygy we ýurduň konstitusiýasy astynda wyždan bendisi Azimjan Askarow babatdaky borçlaryny ýerine ýetirmezligine näme sebäp boldy? Bu soragyň gysga jogaby[häkimiýetleriň] adam hukuklaryny düýpden hormatlamazlygy” diýip, Halkara Günä geçiş guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa edarasynyň direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşeýewiň beýanatynda aýdylýar.

Askarow 2010-njy ýylda ýerli özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda bolan etnigara çaknyşyklar mahalynda köpçülikleýin bidüzgünçilik döretmekde we polisiýa ofiseriniň ölümine ilteşiklilikde günäli tapyldy. Bu wakalar netijesinde 450-den gowrak adam öldürildi, müňlerçe adam ýaşaýan ýerinden bosduryldy. Ölenleriň köpüsi özbek.

Askarow özüne garşy açylan jenaýat işiniň syýasy sebäplidigini aýdýar.

Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Çuý regionynyň sudy 30-njy iýulda Askarowyň ömürlik tussaglygy baradaky hökümiň üýtgedilip bilinmejekdigi barada karar çykardy.

Sud diňlenişigi merkezi aziýa ýurdunyň jenaýat kanunçylygyndaky maddalaryň köpüsiniň ýumşadylmagynyň 1-nji ýanwardan güýje girmegi bilen baglylykda geçirildi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak baradaky komitet Çuý regional sudunyň kararyny ýazgardy we Bişkegi “hiç wagt jenaýat etmedik Askarowy derrew azat etmäge çagyrdy”.

Hukuk toparlary, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary guramasy Gyrgyzystany Azimjan Askarowy azat etmäge çagyrdy. Olar onuň eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilendigini, gynalandygyny, adalatly sud edilmek hukugyndan mahrum bolandygyny aýtdylar.

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy 2016-njy ýylyň iýulynda Askarowy günäli tapan hökümi yzyna, aşakdaky suda iberip, “iş boýunça täze peýda bolan ýagdaýlar esasynda” oňa gaýtadan seredilmegini buýurdy.

Emma muňa garamazdan, Bişkekdäki sud 2017-nji ýylyň ýanwarynda, etniki ýigrenje meçew bermekde we polisiýa ofiseriniň öldürilmeginde günäli tapyp, Askarowyň ömürlik tussaglygy baradaky hökümi dikeltdi.

Iýun aýynda halkara hukuk toparlarynyň we media gözegçiligi guramalarynyň sekizisi ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherinini we beýleki ÝB resmilerini Askarowyň haýal etmän türmeden boşadylmagy barada çagyryş etmäge çagyrdy.

Dokuz ýyl bäri türmede oturan Askarowyň aklawçylary aktiwistiň saglyk ýagdaýynyň “düýpli” ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG