Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda býujet işgärlerinden öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin öňünden pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden, şol sanda mekdep mugallymlaryndan öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin öňünden pul ýygnalýar.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, býujet işgärlerinden ilki geçen aý sarp edilen elektrik energiýasy, suw we gaz üçin tölegleri töländigi baradaky resminamany tabşyrmak talap edilýär.

Şondan soňra-da, edara-kärhanalaryň, şol sanda mekdepleriň ýolbaşçylary olardan öňümizdäki aýda sarp etjek hojalyk hyzmatlary, hususan-da tebigy gaz üçin öňünden pul getirmegi soraýarlar.

“Her bir edarada işgärlerden dürli möçberdäki pul ýygnalýar. Meselem, mekdep mugallymlary 100 manatdan 300 manada çenli tabşyrmaga mejbur bolýarlar. Zähmet dynç alşyndaky mugallymlary çagyrypdyrlar. Kompressor stansiýanyň işgärlerinden bolsa, 600 manat getirmegi talap edipdirler. Edara ýolbaşçylary işgärlere näçe möçberde pul tabşyran bolsa, şoňa görä töleg kwitansiýasyny hem ýazyp berýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 1-nji awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu pul serişdesiniň haýsy mekdepleriň we edara-kärhanalaryň işgärlerinden talap edilýändigi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçy bu pul serişdesini bermek islemeýän işgärlere wezipesinden boşadyljakdygy barada haýbat atylýandygyny, ýöne “öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin” diýlip, öňünden ýygnalýan bu töleg görnüşiniň takyk nähili boljakdygy barada hiç zat aýdylmaýandygyny hem belledi.

“Işgärler ýolbaşçylardan ‘öňümizdäki aýda elektrik togy, gaz we suw üçin tölegleri tölemeli bolanymyzda, degişli edaralara şu kwitansiýany görkezsek, ýagny şunça puly öňünden töländigimiziň delili hökmünde şuny görkezsek bolarmy?’ diýip soraýarlar. Ýolbaşçylar entek belli bir zadyň ýokdugyny aýdyp, ‘munuň nähili boljakdygyny öňümizdäki aýlarda görübereris’ diýýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Daşoguz welaýat häkimligi hem-de Daşoguz şäheriniň 5-nji, 10-njy, 13-nji we 18-nji mekdepleri, şeýle-de welaýatyň kompressor stansiýasy bilen habarlaşanda, kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt we ýeňillikli bahadan berlen gazy, togy, suwy we beýleki hyzmatlary tölegli etdi.

Şondan soňra Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden gaz, suw ýa-da elektrik togy üçin tölegleri öz wagtynda töländikleri barada resminamalar we kwitansiýalar talap edilip başlanan bolsa-da, ýurtda býujet işgärlerinden öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin öňünden pul ýygnalmagy bilen bagly ýagdaý barada ilkinji gezek habar berilýär.

17-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň öz öýlerinde gaz, tok we suw üçin tölegleri töländigi hakynda kwitansiýalary getirmäge borçly edilendigini habar berdi. Habarçynyň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary munuň prokuratura tabşyrmak üçin gerekdigini mälim edipdirler.

25-nji iýulda“Türkmen.news” neşiri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki jemgyýetçilik transportlarynda bildirişleriň asylandygyny we olarda sarp edilen elektrik energiýasynyň tölegini aýma-aý tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi hem-de işiň kazyýete geçiriljekdigi barada duýdurylýandygyny habar berdi.

Mundan ozal, ýurduň gazetlerinde elektrik energiýasy üçin tölegleri öz wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň togunyň kesiljekdigi baradaky bildirişler hem wagtal-wagtal çap edilipdi.

Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagy, ýurtda indi iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda günübirin ulanylýan azyk önümleriniň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň dowam edýän, şeýle-de bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýan mahalynda amala aşdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär. Şeýle-de, hasabatda hökümetiň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG