Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda döwlet edaralarynyň işgärlerinden gaz, tok töleglerini subut etmek talap edilýär


Mary şäheri (arhiw suraty)
Mary şäheri (arhiw suraty)

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden öý hojalyk hyzmatlary üçin bergisiniň ýokdugyny tassyklamak talap edilýär. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu talap bir hepde mundan öň edilipdir.

- Geçen hepdäniň başynda döwlet edaralarynyň ähli işgärlerini öz öýlerinde gaz, tok we suw üçin töländigi hakynda kwitansiýalary getirmegi borçly etdiler. Adamlar resminamalary getirip başladylar. Maňa munuň prokuratura tabşyrmak üçin gerekdigini we onuň talabynyň şeýledigini düşündirdiler - diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, resminamalaryň tabşyrylmagyndan soň işgärlere aýlyk berler.

Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden öý hojalyk hyzmatlary üçin bergisiniň ýokdugyny tassyklamak talabyň edilýändigini welaýat prokuraturasyndaky çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna tassyklady. Ol muny töleg etmeýänlere garşy göreş bilen düşündirdi we olaryň barha köpelýändigini belledi.

- Salgyt işgärleri, ýangyna garşy edaralary näçe jerime salsalar-da, pul ýeterlik däl. Näçe adam töläp bilenok, tölän bolsalaram ol edaralar, ýagny gaz, suw, tok edaralary pullary hökümete geçirenoklar. Oba ýerlerinde her aýda pul çöpleýän işgärler adamlara kwitansiýa ýazyp berip, hojalyklardan alan pullaryny edara eltmän özlerine alýarlar - diýip, habarçymyz prokuraturadaky çeşmä salgylanyp, habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, ýurduň ilatynyň ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy dowam edýär, aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary gijikdirilip berilýär, plastik kartlara geçirilýän pullaryň nagtlaşdyrylmagyny bankomatlardaky pul ýetmezçiligi kynlaşdyrýar.

Türkmenistanyň beýleki regionlarynda bolşy ýaly, Mary şäheriniň bankomatlarynyň köpüsinde pul ýok. Ýurtda örän çäkli görnüşde ýola goýlan nagt bolmadyk tölegleriň kabul edilmegi-de soňky döwürde köp ýerlerde bes edildi.

Ýerli ilat öz puluny nagtlaşdyrmak üçin ençeme sagatlap nobatlarda durmaly bolýar. Azatlygyň habarçylarynyň 17-nji iýulda aýtmagyna görä, Maryda bankomatlaryň köpüsinde pul ýok, şu sebäpden käbir apparatlar aýrylýar.

​Ilaty öý hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri tölemäge mejbur etmek boýunça çäreler Türkmenistanyň demirgazygynda Daşoguz welaýatynda hem göze ilýär. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, Daşoguzda häkimiýetler döwlet edara-kärhanalaryň işgärlerinden gaz üçin tölegleri talap edýärler.

"8-nji we 9-njy iýulda Daşoguz şäheriniň gaz üpjünçilik edalary gaz üçin tölemäge gelen adamlardan hyryn-dykyndy. Mundan öň welaýatyň işleýän ýaşaýjylary bergisiniň bolan ýagdaýynda gazyň öçüriljekdigi hakynda habarly edilipdi" diýip, neşir belleýär. Maglumata görä, ýerli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary gaz üçin tölegleri tölemek barada öz işgärleri üçin resmi karar çykarypdyrlar.

"Şäheriň gaz edarasynyň işgärleriniň şeýle köp sanly adamlara hyzmat etmäge we töleglerini almaga ukyby bolmady. Kärhanalaryň işgärleriniň nobatlarda durandygy sebäpli olaryň iş ýerleri boşap galdy. Öz işini taşlap, töleg edýän adamlara hyzmat etmekdäki kynçylyklar bahanasy bilen, gaz edarasynyň işgärleriniň kärhanalara aýlanyp, pul ýygnamagy barada karara gelindi. Bu 11-nji we 12-nji iýulda berjaý edildi" diýip, neşir ýazýar.

Türkmenistanyň paýtagtynda ilatyň elektrik togy, gaz we suw üçin tölegleri berjaý etmegine gözegçiligi jemagat hojalygy kärhanalarynyň işgärleri amala aşyrýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary jaýlara aýlanýan işgärleriň esasan elektrik togunyň we suwuň harç edilen möçberini hasaba alýan ölçeýjileri barlaýarlar.

- Gaz ölçeýjileri barlamaýarlar, ýylyň aýagynda her 1 müň kubometr üçin 20 manat tölemeli diýýärler.

Türkmenistanda ilatyň harçlaýan gazy, togy we suwy üçin tölegler hasaplaýjy gurallaryň görkezijileriniň esasynda kesgitlenýär. Gaz we suw ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy 2018-nji ýylyň güýzünde, ilata 25 ýyllap berlen ýeňillikleriň doly ýatyrylmagyndan soň başlanypdy.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG