Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Skripal zäherlenmesi boýunça Orsýete garşy sanksiýalaryň ikinji tapgyryny girizdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 1-nji awgustda çykyş edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 1-nji awgustda çykyş edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 1-nji awgustda, 2018-nji ýylda Britaniýada Sergeý Skripala we onuň gyzy Ýulia edilenzäherli gaz hüjümindäki roly diýilýän bilen bagly, Orsýete garşy täze sanksiýalar tapgyrynyň girizilýändigi baradaky karara gol çekdi.

Döwlet departamenti 2018-nji ýylyň awgustynda Orsýetiň Skipalyň işinde 1991-nji ýylyň Himiki we biologiki ýaraglar kanunyny bozandygyny kesgitledi we sanksiýalaryň birinji tapgyryny girizdi. Olarda daşary ýurt kömegi, gorag we howpsuzlyk harytlarynyň söwdasy, ABŞ hökümetiniň Orsýete eksport üçin karzlary nyşana alyndy.

Tramp Wekiller öýüne we Senata iberen hatynda bu kararyň “1991-nji ýylyň Himiki we bilologiki ýaraglara kontrollyk we uruş hereketlerini ýok etmek kanunynyň 307-nji bölümine laýyklykda kabul edilendigini” aýtdy.

Moskwa bu zäherlemäniň arkasynda özüniň durandygy barada aýdylýanlary berk inkär edýär.

XS
SM
MD
LG