Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ömürlik tussaglykdan gutulan programmaçy Kanada dolanyp geldi


Saeed Malekpour. Arhiw suraty
Saeed Malekpour. Arhiw suraty

Eýranda doglan we Kanadadan hemişelik oturym alan programmaçy Saeed Malekpour 11 ýyl tussaglykdan soň Eýrandan çykyp, Kanada dolanyp geldi.

Malekpour uly adamlara niýetlenen websaýty ýöredýändigi üçin ömürlik tussaglyga höküm edildi. Ol 2008-nji ýylyň dekabrynda, hassa kakasyny soramak üçin gelende tussag edildi.

Başda oňa ölüm jezasy berildi. Emma bu höküm 2013-nji ýylyň awgustynda ömürlik tussaglyga çalşyryldy.

Malekpouryň uýasy twitterde onuň Kanada dolanyp gelendigini görkezýän wideo çap etdi.

“Meniň doganym Saeed Malekpour ýap-ýaňy Kanada dolanyp geldi!” diýip, Maryam Malekpour 2-nji awgustda twitterde aýtdy.

Emma ol doganynyň azat bolşunyň detallaryny açmady. Eýran häkimiýetleri Malekpouryň ýurtdan çykmazlyk şerti bilen türmeden üç günlük goýberilende gaçandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG