Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Alis Wells (Alice Wells) şu hepde Yslamabada sapar edip, Pakistanyň resmileri bilen Owgan parahatçylyk gepleşiklerini maslahat eder.
Atlandyrylmasyzlygyny soran pakistan resmileriniň biriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Wells we ABŞ-nyň wekiliýet topary 5-nji awgustda Yslamabada geler.
Resmiler Wellsiň saparynyň gün tertibi bilen baglylykda jikme-jik maglumatlar bermediler.
Bu aralykda, 3-nji awgustda Katarda ABŞ-nyň we “Talyban” toparynyň araçylary Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň nobatdaky – sekizinji tapgyryny geçirdiler.
Waşington we Kabul Pakistany Owganystanda hüjümleri gurnaýan jeňçilere pena bermekde uzak wagtdan bäri günäkärläp gelýärler.
Yslamabat bu aýyplamalary inkär edip, owgan konfliktine soň bermek üçin hemaýat bermäge taýýardygyny aýdýar.