Günorta Koreýanyň harbylary ABŞ-nyň güýçleri bilen planlaşdyrylan harby türgenleşikleriň, Demirgazyk Koreýanyň bularyň Waşington bilen Phenýanyň arasyndaky ýadro gepleşiklerine ýaramaz täsir ýetijekdigi baradaky duýduryşlaryna hem garamazdan, geçiriljekdigini mälim etdi.
Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň 5-nji awgustda beren maglumatyna görä, esasan kompýuterde düzülen harby türgenleşikleriň çäginde uruş döwri koreý esgerleriniň dolandyryşyny Waşingtondan Seule geçirmek mümkinçilikleri barlanar.
ABŞ-Günorta Koreýa howpsuzlyk ylalaşygyna laýyklykda, uruş turan pursady Birleşen Ştatlaryň generaly bilelikdäki güýçleriň ýolbaşçylygyna geçmeli. Emma, Seul uzak wagtdan bu düzgüni üýtgetmek ugrunda tagalla edip gelýär.
Ministrlik harby türgenleşikleriň 5-nji awgustda ir bilen başlanandygy baradaky maglumatlary tassyklamady.
Mundan öň, soňky birnäçe günüň dowamynda Demirgazyk Koreýa kiçi aralyk üçin niýetlenen raketalaryň synaglaryny geçiripdi.
Phenýan bularyň Günorta Koreýanyň ABŞ bilen geçirjek türgenleşiklerine duýduryş bolandygyny aýtdy.