Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada sabotažda aýyplanyp rus raýaty ele salyndy


Ukrainanyň SBU howpsuzlyk gullugynyň bir agzasy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Ukrainanyň SBU howpsuzlyk gullugynyň bir agzasy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Ukrainada “strategiki möhüm harby sebitde” sabotažy planlaşdyrmakda aýyplanyp bir rus raýaty ele salyndy diýip, Ukrainanyň SBU howpsuzlyk gullugy maglumat berdi.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk şübhelenýän Ukrainanyň Çerkasy şäherindäki öýünde tussag edildi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, şübhelenýäniň bolýan ýerinden öý şertlerinde ýasalan üç sany partladyjy, iki kilogram himiki serişde, elektrik detonator, şeýle-de partladyjylary ýasamak boýunça degişli gollanmalar tapylypdyr.

Resmiler şübhelenýäniň aýdyňlaşdyrylmadyk bir harby howa bazasy barada aňtaw maglumatlaryny toplandygyny hem äşgär etdiler.

Deslapky tussaghana ýerleşdirilen rus raýatyna ýykgynçylyk hereketlerini alyp barmakda we bikanun ýagdaýda ýaraglary saklamakda aýyplama bildirilýär.

Eger-de, günäli tapylsa oňa sekizden 15 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG