Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arhangelskdäki harby poligonda bolan partlamada ölenleriň sany bäş adam ýetdi


 Nýonosk şäherindäki harby bazanyň binalary. Arhiw suraty.
Nýonosk şäherindäki harby bazanyň binalary. Arhiw suraty.

Resmiler Orsýetiň demirgazyk-günbataryndaky Arhangelsk sebitinde, harby birikmede 8-nji awgustda bolan syrly partlama we ýangyn sebäpli ölenleriň sanynyň bäşe ýetendigini aýtdylar.

"Arhangelsk sebitinde harby synaglaryň geçirilýän künjeginde, uçar motorlarynyň ýag-ýangyç suwuklyklary bilen baglanyşykly hadysa netijesinde “Rosatomyň” işgärleriniň bäşisi öldi” diýip, döwlet eýeçiligindäki ýadro kompaniýasy 10-njy awgustda aýtdy. Bir gün öň bu ýerde iki adamyň ölendigi habar berlipdi.

Şeýle-de beýanatda ýene üç işgäriň dürli derejedäki ýaralary we ýanyklary üçin hassahanada bejergi alýandyklary aýdyldy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi ýangynyň 8-nji awgustda, reaktiw motor ulgamynyň synag edilýän wagtynda bolan partlamadan uç alandygyny aýtdy.

Regionyň häkimiýetleri partlamanyň we ýangynyň Nýonoksa şäheriniň golaýynda, harby-deňiz flotunyň suwasty ýadro gämileri üçin ballistik raketalaryň synag edilýän ýerinde bolandygyny aýtdylar.

Goranmak ministrligi ol ýerde “atmosfera goýberilýän zyýanly himiki elementleriň bolmandygyny”, “radiasiýa derejesiniň kadalaydygyny” aýtdy.

Emma muňa garamazdan, partlamadan soň 30 km çemesi uzaklykdaky Sewerodwinsk şäherinde radiasiýa derejesiniň “gysga wagt ýokary galandygy” hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG