Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nigeriýa kenarlarynda alnyp gaçylan türk deňizçileri azat edildi


Türk baýdakly gämi.

Nigeriýa kenarlarynda iýulyň ortasynda deňiz garakçylary tarapyndan alnyp gaçylan on türk deňizçisi azat edildi diýip, türk mediasy habar berdi.

“Anadolu” habar agentliginiň 9-njy awgustdaky habarynda aýdylmagyna görä, azat edilen erkekleriň saglyk ýagdaýlary gowy, emma olaryň nirede we haçan azat edilendigi anyklaşdyrylmaýar.

Garakçylar adatça deňizçileri tussag edýärler we pul alyp, azatlyga goýberýärler, emma olaryň boşadylyşynyň detallary bada-bat mälim bolmaýar.

Türk deňizçileri türk baýdakly Paksoy-1 ýük gämisinde, 13-nji iýulda, Kameronyň Douala portundan Kot-d’Iwuariň Abidjan portuna barýan wagty edilen hüjümde saklandy diýip, türk hökümeti aýtdy.

Bu gämini işledýän kompaniýa, Kadioglu Denizçilik gäminiň bortundaky 18 türküň onusynyň alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Galan deňizçiler Gana sag-aman geldiler diýip, hökümet detallary açman habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG