Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

On müňlerçe orsýetli Moskwada we beýleki şäherlerde gaýtadan proteste çykdy


Rus protestçileri

10-njy awgustda on müňlerçe adam Moskwanyň köçelerine demonstrasiýa çykdy.

Rus oppozisiýasy, öňde duran ýerli saýlawlara garaşsyz kandidatlaryň goýberilmegini talap etmek üçin, soňky hepdelerdäki dördünji uly protest ýygnanyşygyny geçirýär.

Ýagyşly paýtagtda saýawanly proteste çykan adamlar rus prezidenti Wladimir Putini "ogry" diýip atlandyrýarlar we "çekist režiminiň ýok bolmagy" baradaky şygarlara gygyrýarlar.

Ak merkez, rus demonstrasiýalaryna gatnaşygyň sanawyny ýöredýän garaşsyz aktiwistler topary Moskwadaky protest mähellesiniň öýlän sagat 3:30-da 47 müň çemesi adam bolandygyny aýtdy.

Moskwada müňlerçe adam ygtyýar berlen demonstrasiýa toplandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

Moskwa polisiýasy protestçileriň sanyny 20 müň diýip görkezdi. Tankytçylar polisiýanyň görkezijileri peseldip görkezýändigini aýdýarlar.

Moskwa häkimiýetleri 10-njy awgustdaky ýygnanyşygy, guramaçylaryň islän merkezleriniň birinde däl-de, çeträkde, Saharow prospektinde geçirilmegine rugsat berdiler.

Moskwa protestleriniň raýdaşlary Orsýetiň birnäçe şäherinde, şol sanda ýurduň dördünji uly şäheri Ýekaterinburgda, Krasnodarda, Don boýundaky Rostowda, Sibirdäki Týumende demonstrasiýa toplandy.

Ýekaterinburgda toplanan ýüzlerçe demonstrant “Şa ýok bolsun” diýen şygara we beýleki anti-hökümet şygarlaryna gygyrdy.

Nawalnynyň goldawçylary “Moskwa bilen raýdaşlyk piketleriniň” Sankt-Peterburgdan Waladiwostoga, Orsýetiň Uzak Gündogaryna çenli aralykda 40 şäherde geçiriljekdigini aýtdylar.

Garaşsyz syýasy gözegçi OVD-Info Sankt-Peterburgda otuzdan gowrak adamyň ol ýerdäki demonstrasiýa bilen bagly tussag edilendigini, Moskwada we Don boýundaky Rostowda hem tussag etmeleriň bolandygyny aýtdy.

Moskwadaky oppozisiýa protestinden soň onlarça adam tussag edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:26 0:00

Moskwadaky ýygananyşykda aktiwistler, tanymal žurnalistler, öňki potestler mahalynda tussag edilen aktiwistleriň garyndaşlary, aýdymçylar we sazandalar, duýgudaş artistler hem gatnaşyp, söz sözlediler.

Mähelläniň öňünde çykyş edenleriň arasynda tanymal rus ýazyjysy Lýudmila Ulitskaýa hem bardy we ol AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde özüniň bu ýere adamlaryň arasynda bolmak isländigi üçin gelendigini aýtdy.

“Men ýaşlaryň jogapkärçiligi öz üstlerine alyp, häkimiýetlere göni sözüni aýdyp bilşini görenime şat” diýip, Ulitskaýa aýtdy. Ýöne ol bu protestleriň garaşsyz kandidatlaryň saýlawlara goýberilmegine ýol açmagyna garaşmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Moskwa häkimiýetleri şu hepdäniň başynda, protestleriň geçiriljek gününde, geçen hepde Moskwanyň şäher häkimliginiň gurnan mugt aýdym-sazly “Çişlik baýramyna” çalymdaş çäre gurnaýandygyny yglan etdi.

Polisiýa 27-nji iýulda we 3-nji awgustda bolan iki protest mahalynda demonstrasiýaçylary rezin taýak bilen ýençdi we 2300-den gowrak adamy tussag etdi.

Bu ýagdaýlar hukuk toparlarynyň we günbatar hökümetleriniň ýazgarmalaryna sebäp boldy.

Emma rus häkimiýetleri özleriniň hasaba alynmadyk kandidatlar babatdaky çemeleşmelerini has berkitdiler we reýd geçirmek, tussag etmek çäreleri esasynda oppozision guramalary has köp nyşana aldylar.

Netijede, “köpçülikleýin raýat gozgalaňy” aýyplamasy esasynda 11 orsýetli jenaýat derňewleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Eger günäli tapylsalar, bu olaryň uzak möhletleýin türmä basylyp biljekdigini görkezýär.

Ozalky iki hepde ahyrynda bolan ýygnanyşyklardan tapawutlylykda, 10-njy awgustdaky demonstrasiýa, 20-nji iýuldaky demonstrasiýada bolşy ýaly, şäher resmileri ygtyýar berdiler.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi daşarky güýçleri, şol sanda ABŞ-nyň ilçihanasyny we German mediasyny protestçilere goldaw bildirmekde aýyplady.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG