Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sibiriň 1 müňe golaý ýaşaýjysy rus harby ammaryndaky partlamalardan soň kompensasiýa soraýar


Açinskiň ýaşaýjylary harby ammarda ýüze çykan partlama seredýärler. 5-nji awgust, 2019 ý.

Russiýanyň Sibir sebitiniň Açinsk şäheriniň 800 töweregi ýaşaýjysy regionyň harby ammaryndaky ýüze çykan iki partlamadan soň, maliýe kompensasiýasyny soradylar.

Hadysanyň netijesinde bir adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy; şeýle-de, 16 müň töweregi ýaşaýjy ewakuasiýa edildi.

Açinskiň ýerli administrasiýanyň beren maglumatyna görä, 58 adama zeper ýeten emlägine “maliýe hemaýaty” hökmünde 550 müň rubl ($8,400) berilipdir.

Krasnoýarskiý Kraý regionynyň şäherindäki partlamalar 9-njy we 5-nji awgustda ýüze çykdy. Täze hadysadan soň “regional derejedäki adatdan daşary ýagdaý” yglan edildi.

Ýerli harbylaryň beren maglumatyna görä, “partlama ýyldyrymyň urmagy netijesinde döräpdir”.

Soňky sanlara laýyklykda, hadysada dokuz adam, şol sanda iki polisiýa işgäri, bir esger we bäş raýat ýaralanypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG