Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml Google-y Moskwadaky ýörişlere çagyrmakda aýyplaýanlarynyň sanawyna goşdy


10-njy awgustda Moskwada onlarça müň adam oppozisiýa ýörişine gatnaşdy.

Russiýa Moskwanyň ýaşaýjylaryny protestlere, şol sanda rugsat berilmedik ýörişlere çagyrmakda aýyplaýanlarynyň sanawyna düýbi Kaliforniýada ýerleşýän Google tehnologiýa läheňini hem goşdy.

Russiýanyň tele-kommunikasiýa pudagyna gözegçilik edýän Roskomnadzor edarasy özüniň 11-nji awgustda ýaýradan beýanatynda Google-yň wideo paýlaşmak üçin platformasy – YouTube-y aýratyn belläp geçdi.

Mundan bir gün öň, Moskwada soňky sekiz ýylyň içinde iň uly protest çäresi geçirilipdi.

Roskomnadzor düýbi ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa läheňi Google-a ugradan hatynda “bikanun köpçülikleýin çäreleri” diýip häsiýetlendiren ýagdaýlaryny mahabatlandyrmazlyga çagyrdy.

Mundanam başga, Moskwa protestleri öjükdirmekde ABŞ-nyň hökümetini we Germaniýanyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän Deutsche Welle neşirini aýyplady.

Moskwanyň Geňeşine 8-nji sentýabrda geçirilmeli saýlawlara oppozisiýa wekilleri hasaba alynmanyndan soňra, ýagny iýulyň aýaklaryndan bäri Moskwada her hepde protest çäreleri geçirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG