Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Khan Kaşmiriň Yslamabat tarapyndan dolandyrylýan sebitine sapar edýär


Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan. (arhiw suraty)
Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan. (arhiw suraty)

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan ýurduň 14-nji awgustda belleýän Garaşsyzlyk gününi Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan sebitinde geçirer.

Premýer-ministriň edarasynyň beren maglumatyna görä, Muzaffarabada Khanyň ýany bilen hökümetiň ençeme ministri hem gider.

Khanyň saparyndan bir gün öň, Pakistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly mejlisini çagyrdy.

Mundan ozal, 5-nji awgustda Hindistan özüniň gözegçilik edýän Jammu we Kaşmir sebitleriniň awtonomlygyny ýatyrmak baradaky kararyny mälim edipdi. Munuň yzy bilen, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi we komendant sagady girizildi.

Yslamabat munuň aglaba musulmanlaryň ýaşaýan sebitlerinde etniki arassalaýyş çärelerine we gennoside getirip biljekdigini aýtdy.

Hindistanyň hökümeti 13-nji awgustda Gimalaý sebitindäki ýokary howpsuzlyk hüşgärliginiň “tapgyrlaýyn” gowşadyljakdygyny mälim etdi.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi 8-nji awgustda çykyş edip, munuň netijesinde sebitdäki “terrorizmiň we separatizmiň” ýok ediljekdigini belledi.

Pakistanyň daşary işler ministri Geňeşe ýollan hatynda Hindistanyň hindu milletçileri tarapyndan dolandyrylýan hökümetiniň “agressiw” diýip häsiýetlendiren hereketlerini ýazgardy.

XS
SM
MD
LG