Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran hümmetini gaçyrýan pulunyň dört noluny aýyrýar


Rial sanaýan adam.
Rial sanaýan adam.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani parlamente kanun taslamasyny iberip, ýurduň hümmetini gaçyrýan pulundan, rialdan dört noly aýyrmagy teklip etdi. Ýarym resmi habar gulluklary 21-nji awgustda Rohaniniň bu kanun taslamasyny parlamente gyssagly seretmek üçin iberendigini habar berdiler.

Eýranyň rialy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 2018-nji ýylda Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmak barada gelen karary we sanksiýalary gaýtadan dikeltmegi netijesinde kesgin hümmetini ýitirdi.

Bu çäre milliardlarça dollara durýan biznes ylalaşyklarynyň togtadylmagyna, Eýranyň daşary ýurtlardaky çig nebit söwdasynyň öňüniň baglanmagyna alyp geldi.

21-nji awgustda 1 amerikan dollary 116,500 riala satyldy. 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy wagtynda 1 dollar 32,000 riala satylýardy.

XS
SM
MD
LG