Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Bileleşiginden ýadan Lukaşenko ABŞ-dan nebit almakçy bolýar


Aleksander Lukaşenko
Aleksander Lukaşenko

Belarus öz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny çig nebit bilen üpjün etmegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ilkinji gezek özüniň has kuwwatly, energiýa baý goňşusy Orsýetden daşlaşyp, Günbatar bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga ymtylýar.

AÝ/AR-a mälim bolan maglumatlara görä, Belarusyň ABŞ nebiti bilen gyzyklanmagyna Moskwanyň Belarus bilen bileleşigi dowam etdirmäge has kän gyzyklanma bildirmegi itergi berýär. Kreml soňky 20 ýylda hereketsiz galan birleşmek taslamasyny dikeltmek isleýär.

Belarusyň döwlet eýeçiligindäki Nebit kompaniýasy, ýurduň nebiti gaýtadan işleýän “Belneftekhim” konserni bilen ilteşikli edara, ýurduň nebit satyn almagy üçin ABŞ hökümetiniň sanksiýalarynyň aýrylmagyny gazanmak maksady bilen, Deýwid Jenkarellini (David Gencarelli) hakyna tutdy.

Eleýeterli bolan maglumatlara görä, Jenkarelli, satyn almak we Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna getirmek üçin, bu kompaniýa ABŞ-nyň Gazna departamentinden ýörite ygtyýarnama almaga kömek eder.

Arzan energiýa we karz pullary bermek bilen, döwürden yza galan ykdysadyýetini goldamak arkaly, Orsýet Belarusy onlarça ýyllap öz täsirinde, garaşly ýagdaýda saklady.

XS
SM
MD
LG