Waşington Tährana garşy girizen ähli sanksiýalaryny ýatyrmasa, Eýran ABŞ bilen gepleşikleri geçirmez diýip, prezident Hassan Rohani aýtdy.
Mundan öň, prezident Donald Tramp “dogry” diýip atlandyran pursatynda gepleşikleri geçirmäge açykdygyny nygtapdy.
27-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda Rohani Eýranyň gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny, emma ilki bilen “bikanun, adalatsyz” diýip atlandyran ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ortadan aýrylmalydygyny belledi.
Rohani 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň çäklerinde Eýranyň bähbitleri kepillendirilmese, onda Tähranyň öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekmegini dowam etdirjekdigini hem sözüne goşdy.
Geçen ýyl ABŞ Eýran we düýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykanyndan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşyp başlady.
Bu ylalaşyk Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.
Ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar oňa ygrarly bolup galsalar-da, Tähran onuň çäklerinde öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan el çekip başlady.