Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa syýasatçysy Ýaşin ýene tussag edildi


Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin (çepde)
Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin (çepde)

Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin tertip boýunça dördünji 10 günlük tussaglyk möhletini tamamlanyndan soň, ýaňadandan tussag edildi. Ol rugsat berilmedik ýörişlere çagyrmakda we gatnaşmakda aýyplanýar.

Ýaşini öňümizdäki aý Moskwanyň geňeşine geçirilmeli saýlawlara hasaba almakdan ýüz öwrüp gelýärler.

Ýaşin 28-nji awgustda özüniň Facebook hasabynda gaýtadan tussag edilendigini, şeýle-de “ýene bäşinji gezek türme möhletiniň berilmeginiň mümkindigini” aýdyp, ýazgy galdyrdy.

Ýaşine ilkinji 10 günlük tussgalyk möhleti 29-njy iýulda berildi. Şondan bäri, ol ýene-de üç gezek 10 günlük tussaglyga höküm edilipdi.

Saýlaw resmileri, 8-nji sentýabrda Moskwa geňeşine geçirilmeli saýlawlara garaşsyz we oppozisiýa wekilleriniň onlarçasyny, şol sanda Ýaşini hem hasaba almakdan ýüz öwürdiler. Resmiler olaryň gerekli gollary toplap bilmändiklerini öňe sürdüler.

Köp halatlarda, saýlaw resmileri hödürlenen gollaryň galpdygyny aýtdylar. Saýlawlarda dalaş etmek isleýänleriň aglabasy bulary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG