Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Polşadan II Jahan urşundan 80 ýyl soň german zulumy üçin ötünç soraýar


German prezidenti Frank-Walter Steinmeier söz sözleýär. 1-nji sentýabr, 2019.

German prezidenti Frank-Walter Steinmeier Polşanyň Wielun şäherinde, 80 ýyl ozal II Jahan urşunyň ilkinji bombasynyň düşen ýerinde guralan hatyra çäresinde Polşadan taryhyň iň bir ganly konflikti üçin ötünç sorady.

“Men Wieluna edilen hüjümiň pidalarynyň öňünde başymy egýärin. Men reman zulumynyň polýak pidalarynyň öňünde başymy egýärin we sizden bagyşlamagyňyzy soraýaryn” diýip, Steinmeier 1-nji sentýabrda nemes we polýak dillerinde gürläp aýtdy.

Steinmeier öz polýak kärdeşi, nasist Germaniýanyň Polşa eden hüjümini “wagşylyk hereketi” diýip ýazgaran prezident Andrzej Dudanyň gapdalynda durup gürledi.

"Wielunde bolan we soň Polşanyň beýleki köp ýerinde we daşary ýurtlarda bolan zatlaryň gaýdyp hiç wagt gaýtalanmazlygy üçin... hatda onuň şaýatlary galmadyk hem bolsa, biz II Jahan urşuny unudyp bilmeýäris” diýip, Duda aýtdy.

Umuman 50 million adamyň başyna ýeten konfliktde alty million çemesi polýak, şol sanda 3 million ýewreý öldürildi.

Uruş pidalarynyň hatyrasyna guralan çärä gatnaşmak üçin 40 ýurduň liderleri geldi.Orsýeti bu çärä çagyrmadylar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Dorian tupanynyň Florida golaýlamagy bilen baglylykda Polşa saparyny goýbolsun etdi.

Nasis germaniýanyň goşunlarynyň 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Polşa çozmagy II Jahan urşunyň başlanmagyna getirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG