Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda TOPH-yň çekiljek ugrunyň barlag işlerine gatnaşýan kompaniýa garşy derňew işi gozgalýar


Illýustrasiýa suraty

Pakistanyň metbugaty Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Pakistandan Hindistana çenli çekilmeli böleginiň barlag işlerinde düýpli kanun bozulmalara ýol berlendigini habar berýär.

2-nji sentýabrda Pakistanyň “The Express Tribune” neşiri TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň Multan regionyndan Hindistanyň serhedine çenli çekilmeli 200 kilometrlik böleginiň lidar barlag işlerinde düýpli kanun bozulmalara ýol berlendigini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, gaz geçirijiniň agzalýan böleginiň çekilmeli ugruny barlamak işlerini öz üstüne alan “Hybrid Aviation Private Limited” kompaniýasy degişli edaralardan öňünden rugsat almazdan iş geçiripdir.

“Hökümet bu mesele bilen bagly derňew işini gozgamak kararyna geldi” diýip, “The Express Tribune” ýazýar.

Maglumata görä, barlag işlerini geçiren kompaniýa hiç hili hukuk bozulmalara ýol berilmändigini, ýerine ýetirilen işler bilen bagly düzgünleriniň doly berjaý edilendigini aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlanandygyny habar berdi.

Ýöne halkara energiýa synçylar transmilli taslamanyň töweregindäki howpsuzlyk we maliýe meselelerine salgylanyp, onuň gurluşygyna soragly garap geldi.

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow 2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda halkara media serişdelerinde eden çykyşynda taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny öňe sürdi.

Ýone, şol ýylyň noýabr aýynda türkmen metbugaty Türkmenistanyň Saud Arabystanyndan TOPH-a niýetläp, “Saud ösüş gaznasynyň” maliýeleşdirmeginde bahasy 40 million dollarlyk 35 kilometrden gowrak turba satyn alandygyny habar berdi.

Rus metbugaty 2019-njy ýylyň aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň TOPH üçin Russiýadan bahasy 219 million dollara barabar bolan uzynlygy 214 kilometrlik turba satyn alandygyny habar berdi. Bu geleşigi Yslam ösüş banky (Islamic Development Bank) maliýeleşdiripdir.

Türkmenistanda hökümete ýakyn habarlary çap edýän business.com.tm habar saýty transmilli taslamanyň Pakistandan geçýän böleginiň gurluşygyna 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda başlanjakdygyny habar berdi.

Ondan ozal iýun aýynda Pakistanyň “The News” neşiri taslamanyň Pakistandan geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berilmezden ozal, Pakistanyň Türkmenistandan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini soraýandygyny habar berdi.

Pakistan TOPH-y maslahatlaşmak üçin şu ýylyň maý aýynda Aşgabada delegasiýa iberdi.

Onuň yzýany Neftegaz.ru türkmen-pakistan wekiliýetleriniň awgust aýynda ýene-de bir gezek Aşgabatda duşuşyp TOPH-y maslahat edýändigini habar berdi.

TOPH-yň Pakistandan geçýän böleginiň barlag işleri bilen bagly Pakistanda ýol berlendigi aýdylýan kanun bozulmalar iki ýurduň wekiliýetleriniň taslama boýunça edýän yzygiderli maslahatlarynyň yzýanyna gabat gelýär.

Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan goňşy Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan häzirki wagtda öz tebigy gazyny diňe Russiýa we Hytaýa eksport edip bilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG