Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň polisiýasy 31-nji awgustdaky protestden soň, üç oppozision aktiwisti tussag etdi 


Lýubow Sobol
Lýubow Sobol

2-nji sentýabrda Moskwada kanun goraýjy häkimiýetler üç gün ozal geçirilen, rugsat berilmedik ýörişe gatnaşandygy üçin üç oppozision aktiwisti tussag etdi. Bu barada aktiwistleriň sosial mediada çap eden maglumatlarynda aýdylýar, şeýle-de olaryň kärdeşleri, ýerli media serişdeleri habar berýärler.

Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Lýubow Sobol Moskwanyň etegindäki etrap polisiýa merkezine alnyp gidildi diýip, toparyň metbugat wekili aýtdy.

31-nji awgustda Sobol öňünden rugsat berilmedik ýörişe gatnaşan protestçileriň tussag edilmegini “bidüzgünçilik” diýip häsiýetlendirip, muny amala aşyrmakda şäher hökümetini aýyplapdy.

Şeýle-de, ýerli kanunçykaryjy we “Nowaýa Gazetanyň” žurnalisti Ilýa Azar hem tussag edildi.

“Olar [polisiýa] meni öý eşigimde we köwşümde ulaga alyp gitdiler” diýip, Azar ýazdy.

XS
SM
MD
LG