Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazaklar hytaý puluna, täsirine garşy tapgyr üçünji gün protest bildirýär


Almaty. Polisiýa protestçini tussag edýär. Arhiw suraty

Gazagystanly protestçiler, korrupsiýa we Hytaýyň maliýe kömegi arkaly ýetirýän täsirleri zerarly,prezident Kasym Žomart Tokaýewiň goňşy Hytaýa planlaşdyrylan saparyny goýbolsun etmegi üçin tapgyr üçünji gün demonstrasiýa çykdylar.

Onlarça demonstrasiýaçy 4-nji sentýabrda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda, ýerli hökümet binasynyň daş işiginde toplanyp, mundan ozal Žanaozen şäherinde we beýleki şäherlerde edilen şuňa meňzeş protestlere goldaw bildirdi.

Olar nebite baý Gazagystanda, zawod-fabrik taslamalary arkaly, “hytaý ekspansiýasynyň”togtadylmagyny talap etdiler.

Region ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Almatyda protestçiler bilen duşuşyp, olary dargatmak üçin eden synanyşygy netije bermedi.

Soňky aýlarda Gazagystanda, Hytaýyň Sinjiaň sebitindäki ýerli azlyklaryň, şol sanda gazaklaryň köpçülikleýin tussaglykda saklanmagy bilen baglylykda, Hytaýa garşy meýiller ýokarlanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG