Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan alladan dileg etdirip, uly dabara bilen, bugdaý ekişine başlady


Türkmenistanlylar hudaýdan gowy hasyl dileýär.

Türkmenistanyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda, prezidentiň beren ak patasy esasynda, güýzlük bugdaýyň ekişi başlandy.

Adat bolşy ýaly, bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli giň gerimli köpçülik çäreleri: konsertler, oýun sahnalary, ýaryşlar we sergiler guraldy. Döwlet eýeçiligindäki telewideniýe bu çärelere bagyşlap, bir sagada golaý gepleşik taýýarlady.

TDH-nyň maglumatyna görä,şu ýyl Türkmenistanda 690 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, 2020-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda - 400 müň, Mary welaýatynda - 345 müň, Lebap welaýatynda - 310 müň, Daşoguz welaýatynda - 265 müň we Balkan welaýatynda - 80 müň tonna däne ýygnap almak planlaşdyrylýar.

Importy azaldyp, eksportyň ornuny tutýan önümleri, şol sanda galla önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinen türkmen hökümeti soňky ýyllarda un, çörek, kepek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Emma häkimiýetler her ýyl ýokary hasylyň alnandygyny, azyk howpsuzlygynyň döredilendigini habar berýärler.

Ýerli synçylar Türkmenistanda çuňlaşan oba hojalyk problemalarynyň sebäbini hökümetiň merkezleşdirilen komanda-buýruk dolandyryş usulyny saklap galyp, ýerleri hususy eýeçilege bermezligi, daýhanlary mümkin boldugyça özüne garaşly saklamaga çalyşmagy bilen düşündirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG