Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda möhleti dolan prokurorlar täzelendi


Türkmenistanyň 2017-nji ýylda wezipä bellenen baş prokurory Batyr Atdaýew

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda ondan gowrak prokurory wezipelerinden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky karara gol çekdi.

Muhammetoraz Gurbanow Ahal welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadylyp, Lebap welaýatynyň prokurory wezipesine bellenildi;Aýly Orazow Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Arazgeldi Ataýew Balkan welaýatynyň harby prokurory, Oraz Hojaýew Daşoguz welaýatynyň harby prokurory, Nedirguly Allanazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi.

Şeýle-de prezident Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň prokurorlaryny, Balkan welaýatynyň harby prokuroryny täzeledi.

Bu wezipeleri eýelän öňki prokurorlaryňygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy habar berilýär.

Prezident Berdimuhamedow 8-nji awgustda hem iki prokurory – Baýjan Baýjanowy we Toýlymyrat Ýegenowy “gulluk wezipelerini talaba laýyk ýerine ýetirmezlikde” aýyplap, wezipelerinden boşatdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu iki prokuroryň Özbegistana benzin satandyklary üçin işden boşadylandygyny habar berdi. Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri iş başyndaky ýa öňki emeldarlaryň korrupsiýa galtaşygy barada syzyp çykýan maglumatlara düşündiriş bermeýär.

Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow uzak wagtlap ýurduň baş prokurory bolan Gurbanbibi Atajanowany “prokuraturany parahana öwürmekde” aýyplady we ýerli synçylar garaşsyzlygyň başky ýyllarynda sud, prokuratura ulgamyndaky korrupsiýa garşy has köp çäre görlendigini belleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG