Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus-ukrain tussag alşygy başlandy, awtobuslar Moskwa aeroportuna bardy


Orsýetiň döwlet telewideniýesi Moskwanyň Lefertowa türmesinden ugran awtobuslaryň wideoýazgysyny görkezdi.
Orsýetiň döwlet telewideniýesi Moskwanyň Lefertowa türmesinden ugran awtobuslaryň wideoýazgysyny görkezdi.

Orsýetiň döwlet telewideniýesi Moskwanyň Lefertowa türmesinden ugran awtobuslaryň wideoýazgysyny görkezdi, dürli çeşmeleriň beren maglumatlaryna görä, olar Ukraina bilen çalşylmaly tussaglary alyp barýarlar.

”Interfaks” habar gullugy awtobuslaryň Wnukowa aeroportuna gelendiklerini, bu ýerde ukrain hökümetiniň belgisi bolan uçaryň hem gonandygyny habar berdi.

Geçen ýyl Kerz bogazynyň golaýynda tussag edilen 24 ukrain deňizçisiniň gorag toparynyň başlygy, aklawçy Nikolaý Polozow feýsbukda “Indi biz bu proses ýola düşdi diýip bileris” diýen ýazgy galdyrdy.

AFP Polozowa salgylanyp, onuň “Meniň maglumatyma görä, olar awtobusa mündürildi. Hemmesi, 24-si hem” diýendigini habar berdi.

Ol deňizçileriň gelýän birnäçe sagat içinde Ukraina getirilmegine garaşýandygyny aýtdy. Bu tussag çalyşmasyna gatnaşygy bolan beýleki bendiler barada hiç bir söz aýdylmaýar.

“Roýters” şaýatlara we döwlet TW-sine salgylanyp, polisiýanyň 7-nji sentýabr güni irden türmeden ugran iki awtobusy ugradandygyny, olaryň sany aýdylmaýan adamlary alyp barýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG