Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Moskwadaky protestler tomsundan soň ses berýärler


Orsýetliler ses berýär.

Orsýetliler Kreml üçin synaga öwrülen we prezident Wladimir Putiniň we onuň arkasynda durýan dolandyryjy partiýanyň barha kän aşaklaýan pursatyndaky regional we ýerli saýlawlarda ses berdiler.

Liberal aktiwistler we syýasy ekspertler Moskwanyň şäher geňeşiniň saýlawlaryna, saýlaw häkimiýetleriniň garaşsyz kandidatlaryň bäsleşige çykmagyny gadagan etmegi sebäpli hepdeläp uly protestleriň guralan ýerinde, rus paýtagtynda barýan ses berişlige ýakyndan syn edýärler.

Polisiýanyň protestleri basyp ýatyrmagy we diňe bir pursatda 2 müňden gowrak adamy tussag etmegi has-da kän gahar-gazap döretdi.

Ýerli we regional saýlawlar, gubernatorlaryň hem saýlanmagy bilen, tutuş ýurt boýunça 83 sebitde geçirildi.

Putin, belki-de geçen ýyldaky gubernator saýlawlarynyň şowsuzlyklarynyň gaýtalanmazlygy üçin, saýlawlardan öň region gubernatorlarynyň birnäçesini täzeledi. Sebäbi geçen ýyl geçirilen saýlawlarda Kremliň goldaýan kandidatlarynyň birnäçesi ýeňlişe sezewar boldy.

XS
SM
MD
LG