Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransuz ministrleri gatnaşyklary dikeltmegiň synanyşygynda Moskwa bardy


Rus prezidenti Wladimir Putin we fransuz prezidenti Emmanuel Makron. 19-njy awgust, 2019 ý.

Pariž Moskwa bilen dartgynlylygy gowşatmaga synanyşýan mahalynda, fransuz daşary işler we goranmak ministrleri öz rus kärdeşleri bilen Moskwada “açyk” gepleşikleri geçirýärler.

9-njy sentýabrda Fransiýadan Jean-Yves Le Drian we Florence Parly Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen “2+2” diýlip atlandyrylýan formatdaky ilkinji duşuşygy geçirýärler. Bu format 2014-nji ýylda Russiýa Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa edenden soňra ýatyrylypdy.

Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar beýleki meseleler bilen bir hatarda, Russiýanyň gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bermegi we onuň beýleki ýurtlardaky saýlawlara goşulyşmagy diýilýänler bilen bagly ýaramazlaşypdy.

Ýöne geçen aý fransuz prezidenti Emmanuel Makron Russiýa bilen gatnaşyklary ýumşatmagyň synanyşygynda rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirip, ýokary derejeli diplomatik gatnaşyklary dikeltdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG