Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Berdimuhamedow metbugaty öz şahsyýet kultyny mahabatlandyrmak üçin ulanýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) özüniň täze hasabatynda Türkmenistany, Eýrany we Belarusy dünýäde metbugaty iň köp senzura astynda saklaýan 10 ýurduň arasynda ýerleşdirdi.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän komitetiň 10-njy sentýabrda ýaýradan hasabatyna görä, bu ýurtlardaky repressiw hökümetler “garaşsyz mediany dymdyrmak üçin däp bolan usullar bilen bir hatarda, çylşyrymly digital senzurany we gözegçiligi ulanýar”.

Bu 10 ýurtda häkimiýetler garaşsyz mediany gadagan edýärler ýa-da ýiti çäklendirýärler hem-de žurnalistleri “türmä basmak, digital we fiziki gözegçilikler we yzarlamalaryň beýleki görnüşleri arkaly” olary gorkuzyp, dymdyrmaga mejbur edýärler diýlip, hasabatda aýdylýar.

Dünýäde metbugaty iň köp çäklendirýän üç ýurtda – Eritreýada, Demirgazyk Koreýada we Türkmenistanda – metbugat “döwletiň bir bölegi hökmünde hyzmat edýär we islendik garaşsyz žurnalistika işi sürgünlikde amala aşyrylýar. Ýurda girmäge rugsat berlen sanlyja daşary ýurt žurnalisti hem ýiti gözegçilikde saklanýar” diýip, CPJ aýdýar.

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “durmuşyň ähli pudaklaryna, şol sanda metbugata doly kontrollyk edýär... Ol [metbugaty] öz şahsyýet kultyny mahabatlandyrmak üçin ulanýar” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Hasabatda ýurtdaky “metbugat serişdeleriniň ählisiniň türkmen hökümetiniň eýeçiliginde ýa-da ýiti kontrollygynda saklanýandygy” we häkimiýetleriň tussag etmek, türmä basmak ýa-da žurnalistleri ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur etmek arkaly garaşsyz seslere basyş edýändigi hem nygtalýar.

“Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçylary lakam bilen işleýärler we olaryň käbiri türmä basylyp, hüjüme sezewar edildi we olaryň daşary ýurda gitmegine gadagançylyk girizildi” diýlip, hasabatda Türkmenistanyň ilatynyň diňe 21%-ne Internetiň elýeterlidigi hem aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG