Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bank kartlaryny türk bankomatlary ýuwudýar, kartlar eýesine gaýtarylmaýar, studentler kösenýär


Illýustrasiýa suraty

Türkiýede bilim alýan onlarça türkmenistanly student Türkmenistanyň banklaryndan alan Visa bank kartlary arkaly pul nagtlaşdyrmakda özleriniň dürli kynçylyklara duçar bolýandyklaryny aýdyp şikaýat edýärler.

Olaryň maglumatlaryna görä käbir türk banklary türkmenistanlylaryň bankomatlar tarapyndan ýuwdulan bank kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýär.

10-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly habarlaşan bir türkmen studenti Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyndan berlen Visa töleg kartyndan özüniň Türkiýede pul nagtlaşdyrmak synanyşyklary barada maglumat berdi. Ol howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde Mergen diýip tutulmagyny sorady.

Mergeniň maglumatyna görä, Türkiýäniň Stambul şäherinde bankomatlar Türkmenistanyň banklaryndan berlen kartlary “ýuwudýar”; käbir türk banklarynyň şahamçalary türkmenistanlylaryň Türkiýedäki bankomatlar tarapyndan “ýuwdulan” kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýärler.

Ol Azatlyga ýetiren maglumatynda onlarça türkmen studentiniň şeýle kynçylyklary başdan geçirýändiklerini habar berdi.

Mergen 19-njy awgustda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Halk bankyň” Stambuldaky bankomatlarynyň birinden Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan berlen Visa karty arkaly pul nagtlaşdyrmaga synanyşýar. Ýöne onuň bank hasabynda, öz sözlerine görä, ýeterlik derejede maliýe serişdesi bolandygyna garamazdan pul nagtlaşdyrmak synanyşygy netije bermeýär.

Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartlary arkaly häzirki wagtda bir gije-gündiziň dowamynda Türkiýede takmynan 20 dollar möçberinde pul nagtlaşdyryp bolýar.

Mergen 23-nji awgustda ýene-de Türkiýäniň “Iş bankynyň” Stambulda ýerleşýän şahamçalarynyň birindäki bankomatdan türkmen karty arkaly pul nagtlaşdyrmaga synanyşýar, ýöne bu hem netijesiz bolýar.

“Bankomat kartymy ýuwutdy. Iş bankyň şahamçasyna barsam, olar kartymy bermeýärler” diýip, Mergen gürrüň berýär.

“Iş bankyň işgäri özleriniň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşandyklaryny, türkmen banklarynyň ýuwdulan kartlary yzyna bermezligi tabşyrandygyny aýtdy” diýip, Mergen gürrüň berdi.

Ol şeýle ýagdaýlarda 20-ä golaý türkmenistanlynyň türk banklaryna öz kartlaryny aldyrandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan kommentariý almak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanlylaryň bankomatlar tarapyndan ýuwdulan bank kartlarynyň yzyna gaýtaryp berilmezligi bilen bagly ýerli türk polisiýa edaralaryna arz etmäge çekinýändiklerini aýdýan türkmenistanly studentler, Mergeniň sözlerine görä, türk banklarynyň öz kartlaryny esassyz yzyna gaýtaryp bermeýändiklerine ynanýar.

Türkmenistanyň raýatlary eýýäm iki ýyl töweregi wagt bäri Visa kartlary bilen bagly dürli kynçylyklary başdan geçirip gelýär.

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň hossarlary Visa kartlarynyň üsti bilen olara Türkmenistandan maliýe serişdelerini ýeňillikli, ýagny dollaryň resmi bahasynyň esasynda ugradyp bilýärler.

Ýöne onuň üçin daşary ýurtda bilim alýan student Türkmenistanyň banklaryna öz okaýan ýerini tassyklaýan güwähat tabşyrmaly. Bu dokumentleriň esasynda daşary ýurtda bilim alýan studente Türkmenistandan bank üsti bilen dollaryň resmi kursundan aýda 500 dollara ibermäge mümkinçilik döredilýär.

Türkmenstanyň Merkezi Banky dollaryň manada bolan resmi gatnaşygyny 3.5 manatlygynda saklaýar.

Ýurtda hereket edýän walýutanyň “gara bazarynda” 1 dollaryň bahasy onuň resmi kursundan 5-6 esse gymmatlygynyda galýar.

Türkmenistanyň hökümeti şu ýylyň martyndan başlap, ýurt raýatlarynyň daşary ýurtda bilim almaklaryna degişli girizýän çäklendirmelerini güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG