Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklarynyň VISA kartlaryny çäklendirmegi studentleri aç goýýar


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň daşary ykdysady bankynyň öz müşderileriniň plastik kartlaryndan daşary ýurtlarda çekýän pulunyň möçberine girizýän çäklendirmeleri, munuň bilen bir wagtda raýatlaryň ýurduň daşyna pul ibermek mümkinçilikleriniň barha kemelmegi daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen ýaşlarynyň maddy ýagdaýyny agyrlaşdyrdy, ençemesini aç goýdy.

Bu barada Azatlyga ýüzlenýän türkmenistanlylar aýdýarlar.

“Men türkmenistanly student bu ýere okamak, ýokary bilimli bolmak üçin geldim. Emma men bu ýerde ýokary bilimli bolmaýaryn, men açlykdan ölmezlik üçin gije-gündiz işleýärin" diýip, hatyň awtory özüniň Orsýetde okaýandygyny habar berýär we Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenýär.

"Men Daşary ykdysady bankyň işgärlerine we ýolbaşçylaryna ýüzlenýärin, siz etjegiňizi edýärsiňiz, kesgitlän çäklendimäňizi her aýda kemeldýärsiňiz. (...) başga ýurtlarda VISA kartynyň eýesi ony özi dolandyrýar, bärde bolsa siz dolandyrýarsyňyz. Iru-giç siz jogap bermeli. Emma haçan jaň etsek siz jogap bermeýärsiňiz. Näme üçin jaňlara jogap bereňzok", diýip diňleýjimiz öz hatynda ýazýar.

Türkmenistanda milli puly daşary ýurt walýutasyna geçirmek we ondan ýurduň daşynda peýdalanmak üçin ýeke-täk mümkinçiligi döwlet banklarynda puly plastik kartlara geçirmek arkaly amala aşyrylýar. Emma soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ykdysady banky öz müşderileriniň hasaplaryndan puluň nagtlaşdyrylmagyna we nagt bolmadyk görnüşde töleg edilmegine üýtgetme girizip, öňünde duýdurmazdan puluň möçberini ençeme gezek çürt-kesik azaltdy.

Soňky aýlarda VISA kartyndan nagtlaşdyryp bolýan puluň aýlyk möçberi 160 dollara getirilipdi. Puly nagtlaşdyrmak üçin türkmen bankynyň alýan tutumy 25% barabar boldy. Emma bu şertler Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň resmi saýtynda görkezilmedi. Saýtda puly nagtlaşdyrmak operasiýasy üçin göz öňünde tutulan komissiýanyň 3% barabardygy adylýar.

Şu günler Täjigistanda bilim alýan türkmenistanlylar hem pulsuz kösenýär. Diňleýjilerimizden gelen hatlaryň birinde häzirki wagtda Türkmenistanyň bank kartlaryndan aýda 80 dollardan köp pul çekip bolmaýandygy aýdylýar.

"Bu pula daşary ýurtlarda ýaşap bolmaýar" diýip, diňleýjimiz belleýär.

Türkmen banklarynyň öz müşderilerine daşary ýurtlarda pul çekmek üçin rugsat beren möçberiniň 80 dollara çenli aşakladylandygy Azatlyga ýüz tutan ýene bir student gürrüň berdi.

"Turkmenistanyň Täjigistanda okaýan studentleri we daşary ýurtda okaýan studenleri VISA kartlaryndan pul alyp bilmeýärler, hemmesi aç. Kartdan dine aýda 80 dollar alyp bilýärler, üstesine Türkmenistana gidip-gelmek üçin ýollar ýapyk, geçirmeýärler. Nädip studentler öýlerine gitmeli, nädip gelmeli. Hiç oýlamaýar, bulary näme etjeklerini bilmeýärler. VISA kartlarynda pul bar, emma alyp bilmeýärler, Türkmenistan limit goýupdyr. Studentler aç, bir nan aljak pullary ýok. Ata-enesi gymmat bahadan dollar alyp iberip bilmeýärler, studentler barada hiç kim düşünmeýär" diýip, diňleýjimiz aýdýar.

Ýene bir okyjymyzdan gelen hatda daşary ýurtlarda pulsuz galan türkmenistanly studentleriň agyr işde işläp, gazanç etmeli bolýandygy we köplenç özlerini haksyz duýýandygy gürrüň berilýär.

“Siziň derdiňizden biz studentler kemsinýäris. Köçelerde işleýäris. Naharhanalara hem bizi islegsiz alýarlar, sebäbi biz daşary ýurtly. Biz şeýle biz agyr işlerde işleýäris, siz göz öňüne getirip bilmersiňiz. Siziň hem çagalaryňyz bar, biziň hem ene-atalarymyz bar, olar alada edýärler. Kim bizi gorar" diýip, Azatlyk Radiosyna ýüzlenen studentleriň biri aýdýar.

Azatlyk Radiosy öz okyjylarynyň we söhbetdeşleriniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen olaryň adyny efirde tutmakdan saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG