Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp öz milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltony wezipesinden boşatdy


Jon Bolton

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltony, onuň bilen köp meselede “berk razylaşmazlygyň” bolandygy sebäpli, wezipesinden boşatdy.

Tramp 10-njy sentýabrdaky twitinde “Men öten agşam Jon Boltona onuň hyzmatlarynyň indiden beýläp Ak tamda gerekli däldigini aýtdym” diýdi.

Men Jondan işden çekilmek barada arza bermegini soradym, ol arza maňa şu gün irden berildi. Men Jona onuň hyzmatlary üçin köp sagbolsun aýtdym. Men täze milli howpsuzlyk geňeşçisiniň adyny gelýän hepde mälim ederin” diýip, Tramp twitterde galdyran ýazgysynda aýtdy.

Men onuň maslahatlarynyň köpüsi bilen düýpden ylalaşmadym, adminstrasiýadaky beýleki adamlar hem şeýle” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu aralykda Ak Tam Trampyň Boltonyň orunbasaryny iş başyndaky milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine belländigini tassyk etdi.

“Boeing we Lockheed Martin” aerokosmik we goranyş firmasynyň ozalky ýolbaçşysy Çarlz Kupperman 2019-njy ýylyň başyndan bäri Boltonyň orunbasary bolup işleýärdi.

Bolton 10-njy sentýabrda bir gün ozal agşamlyk işden çekilmek baradaky arzasyny teklip edendigini, “Trampyň “gel, bu barada ertir gürrüň edeli” diýendigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 10-njy sentýabrda Waşingtonda žurnalistlere özüniň Bolton bilen syýasat babatda köp ylalaşmazlygynyň bolandygyny aýtdy.

"Men ilçi Bolton bilen köp meselede ylalaşmadym, bu anyk” diýip, Pompeo aýtdy.

"Prezident öz isleýän işgärlerini jemlemeli. Meniň missiýam amerikan diplomatiýasyny amala aşyrmak üçin Döwlet departamentine ýolbaşçylyk etmekden ybarat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Pompeo daşary ýurt ýolbaşçylarynyň Trampyň adminstrasiýasyndan kimdir biriniň gideni üçin onuň daşary syýasaty üýtgär diýip garaşmaly däldigini belledi.

Jon Bolton Ak tamdaky wezipesine 2018-nji ýylyň martynda bellendi. Ol Maýkl Flinden we general Gerbert Makmasterden soň Trampyň üçünji milli howpsuzlyk geňeşçisi boldy. M.Flinn bu wezipä qirişenden gysga wagt soň, Orsýetiň ilçisi bilen geçiren gepleşikleri üstünde turan galmagal sebäpli işden aýryldy.

Boldon tejribeli diplomat we emeldar bolup, Trampyň adminstrasiýasynyň Eýran babatdaky berk syýasatynyň arhitektorlarynyň biri hasaplanýardy. Ol Orsýete birnäçe gezek geldi we Trampyň tabşyrygy boýunça rus ýolbaşçylary, şol sanda prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirdi.

Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi golaýda gündogar Ýewropa ýurtlarynda saparda boldy.

Bu saparyň dowamynda ol Ukrainanyň we Belarusyň ýolbaşçylary, şol sanda bu ýurtlaryň we Polşanyň howpsuzlyk geňeşleriniň başlyklary bilen gepleşik geçirdi.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG