Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolton: Trampyň Rohany bilen duşuşmaga taýýarlygy pozisiýanyň ýumşadyljagyny aňlatmaýar


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton 27-nji awgustda ukrain paýtagty Kiýewde AÝ/AR bilen söhbetdeş boldy.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton 27-nji awgustda ukrain paýtagty Kiýewde AÝ/AR bilen söhbetdeş boldy.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton prezident Donald Trampyň Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşyp, Tähranyň ýadro programmasy barada gürleşmäge taýýar bolmagy amerikan lideriniň Eýran babatdaky berk pozisiýasyny üýtgetjekdigini asla aňlatmaýar diýýär.

27-nji awgustda ukrain paýtagty Kiýewde AÝ/AR bilen geçirilen giňişleýin söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Bolton Trampyň muny “özüniň her bir adam bilen gürleşmek üçin duşuşjakdygyny, gepleşikçidigini, ylalaşyk baglaşyjydygyny” aýdyp, bireýýäm açyk-aýdyň edendigini aýtdy.

“Emma olar bilen gürleşmek – prezident Tramp üçin - [bu] onuň öz pozisiýasyny üýtgetjekdigini aňlatmaýar” diýip, Bolton sözüniň üstüni ýetirdi.

“Meniň pikirimçe, eger-de siz prezident Trampyň Eýranyň ýadro ylalaşygy barada aýdan zatlaryna seretseňiz, ol bu ylalaşygy ABŞ-nyň diplomatik taryhynda baglaşylan iň ýaramaz ylalaşyk diýip atlandyrdy. Bu garaýyş faktlar esasynda delillendirildi hem-de ol [ABŞ-nyň ozalky] prezidenti [Barak] Obamanyň goýberen şol bir ýalňyşlygyny gaýtalamaz öýdýärin” diýip, Bolton aýtdy.

Bolton sözüni dowam etdirip, “Eýran ilkinji nobatda etmesiz zatlaryny diňe togtadandygy üçin haýsydyr bir saldamly ykdysady peýda alaryn öýtmeli däl, bu diňe başlangyç” diýdi.

“Eger-de ol ýerde hemme taraply ylalaşyk bolsa, onda, elbetde, sanksiýalar şobada aýrylar” diýip, Ak tamyň geňeşçisi aýtdy.

"Haçanda Eýrandaky režim şu barada gepleşmäge taýýar bolsa, onda bu ýerde duşuşyk bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Birleşen Ştatlar 2018-nji ýylyň maýynda 2015-nji ýylda Tähran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekildi we sanksiýalary gaýtadan girizmäge başlady.

Tähran dünýäniň alty döwleti bilen baglaşan ylalaşygyna Obama adminstrasiýasy mahalynda gol çekdi we, ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine, sanksiýalardan boşamak mümkinçiligine eýe boldy.

Tramp şol wagt bu şertnamanyň şertleriniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik derejede berk bolmandygyny, şeýle-de Tähranyň sebitdäki ekstremist terrory maliýeleşdirmek bilen, bu ylalaşygyň “ruhuny” bozýandygyny aýtdy. Tähran bu aýyplamalary ret edýär.

ABŞ sanksiýalary Eýranyň ykdysadyýeti üçin uly zarba boldy we ýurduň milli puly hümmetini gaçyryp, Tähranda we beýleki ýerlerde wagtal-wagtal köçe protestleriniň döremegine alyp geldi.

Şertnama gol çeken döwletleriň galan bäşisi,şol sanda Fransiýa, Britaniýa we Grmaniýa, Eýran bu ylalaşyk esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny azaltsa-da, şertnama ygrarly bolmagynda galýar.

Tramp 26-nji awgustda Fransiýada G7 toparynyň sammitiniň ýapylyş dabarasynda çykyş edip, “eger-de ýagdaýlar düzüw we kadaly” bolsa, özüniň Rohani bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy.

Şeýle-de ol özüniň Eýran bilen täze ýadro ylalaşygyny baglaşmak mümkinçiligi babatynda “gowy duýgularynyň” bardygyny aýtdy.

Rohani bir gün soňra jogap berip, Eýranyň gepleşikler üçin açykdygyny, Waşingtonyň ilki “Eýrana garşy girizilen bikanun, adalatsyz sanksiýalary ýatyrmalydygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG