Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň heniz hem Türkmenistandan 200 million dollar töweregi “algysyna” garaşýandygy habar berilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Belarusa bolan 200 million töweregi “bergisiniň” gaýtaryp berilmegi boýunça mesele heniz hem çözülmedi, muňa Stokgolmyň arbitražynda garalýar diýip, “Kompromat Belarus” Telegram kanaly habar berýär.

Kanal 2017-nji ýylda Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň Türkmenistanda bina eden Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygyna degişli tölegleri türkmen tarapynyň doly geçirmändigini aýdýar.

Mundan başga-da, kanalyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň “Türkmenhimiýa” döwlet konserni belarus kompaniýasynyň gurluşyk enjamlaryny saklaýar. “Bu ýagdaý sebäpli, häzirki wagtda Belgorhimprom agyr maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär” diýip, “Kompromat Belarusyň” habarynda aýdylýar.

Maglumatda Türkmenistanda agyr ykdysady kynçylyklary, şol sanda ýurtda gündelik iýmit önümleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýändigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan kanalyň maglumatynda Belarusyň Respublika geňeşiniň başlygy, şol bir wagtyň özünde dag-magdan baýlaşdyryjy desganyň gurluşygyna gözegçilik eden Mihail Mýasnikowiçiň sözlerine salgylanylyp, “Belgorhimpromyň” Garlyk kombinatynyň gurluşygy üçin bitiren işleriniň öwezine kärhananyň hasabyna 700 million dollar möçberinde serişdäniň geçirilendigi aýdylýar. Ýöne “ekspertler belarus kompaniýasynyň [gurluşyk üçin zerur bolan] käbir materiallary öz bahasyndan üç esse gymmada satyn alandygyny anykladylar” diýlip, habarda aýdylýar.

Ýatlasak, Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy Belarusyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti gurdy. Gurluşygy bellenen möhletden uzaga çeken toplumyň 2017-nji ýylyň mart aýynda geçirilen açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko gatnaşdy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni we “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti bu kombinaty gurmak baradaky şertnama 2009-njy ýylda gol çekipdi. Onuň gurluşygyna 2010-njy ýylda girişildi.

Kärhananyň ulanylmaga berilmeli möhleti birnäçe gezek yza süýşürildi. Munuň bilen baglylykda, taraplar ýeri gelende birek-biregi aýyplady.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Minsk bu toplumyň gurluşygy bilen baglylykda Aşgabady maliýe bökdençliklerini döretmekde aýyplady.

Şonda Belarusyň milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi bilen duşuşyp, Aşgabadyň Garlykda gurulýan zawod boýunça öz üstüne alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezliginden özleriniň ynjalyksyz bolýandyklaryny mälim edipdi.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasynyň ylalaşyklar boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigine aladalanma bildirdi.

Şonda türkmen tarapy üç meseläni gozgady. Ýagny kombinatyň binýadyndaky aýrybaşga obýektleriň gurluşygynyň gijikdirilmegi, kombinata degişli bahasy birnäçe million dollara barabar bolan enjamlaryň wagtyndan oturdylmazlygy hem-de desgalaryň gurluşygynda zähmet çeken türkmen gurluşykçylarynyň aýlyklarynyň wagtynda tölenmezligi boýunça türkmen tarapy Belarusa öz aladalaryny beýan etdi.

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işinden nägile boldy.

Prezident ýurduň senagat pudagyna gözegçilik edýän şol wagtky wise-premýer Kerim Durdymyradowa “bu toplumyň işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýarlamagy we ýollamagy tabşyrdy”

Belarusyň media serişdeleriniň şu ýylyň mart aýynda habar bermegine görä, "Belgorhimprom" Garlykdaky kaliý kombinatynyň gurluşygyna degişli öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi hakynda türkmen tarapyndan özüne nägilelik bildirilendigini tassyklapdyr, ýöne şol bir wagtyň özünde Türkmenistandan 150 million dollar töweregi algysynyň bardygyny mälim edipdi.

Bu maglumatyň peýda bolmagynyň öňýany, martyň başynda, Türkmenistanyň hökümetçi neşirleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasynyň Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty gurmak boýunça berjaý etmedik borçlarynyň faktlaryny Şwesiýada ýerleşýän halkara arbitraž suduna tabşyrandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG