Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Türkmenistanyň nägileliginden habarlydygyny aýdyp, $150 million dollar talap edýär


Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat

Belarusyň media serişdeleriniň habar bermegine görä, "Belgorhimprom" Garlykdaky kaliý kombinatynyň gurluşygyna degişli öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi hakynda türkmen tarapyndan özüne nägilelik bildirilendigini tassyklapdyr.

"Beýanat boldy. Jogap hökmünde biziň reaksiýamyz hem boldy. Şu günki gün meselä arbitražyň ýola goýan düzgünlerine laýyklykda seredilýär" diýip, "Belgorhimpromyň" baş müdiri Wýaçeslaw Korşun Naviny.by neşrine aýdypdyr.

"Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasynyň işinden öz nägileligi boýunça Stoklgolmyň arbitraž suduna ýüz tutandygy 7-nji martda mälim boldy.

Belarus metbugatynda çap bolan maglumatlara görä, ýurduň döwlet kompaniýasy kaliý kompleksini gurmak boýunça borçnamalarynyň belli bir bölegini berjaý etmändigini ret etmeýär, emma muňa türkmen tarapynyň günäkärdigini aýdýar.

"Türkmenhimiýa 'Belgorhimproma' ýerine ýetirilen işler üçin 150 million dollardan gowrak puly tölemedi. Stokgolmyň arbitraž suduna berlen jogapda bu puluň tölenmegi soraldy" diýip, Ex-PRESS.by neşri habar berýär.

"Biz işleri berjaý etdik, olara tölemek gerek. Eger-de işleriň tölegi edilmese, men näme üçin mugtuna etmeli?! Näme üçin men Türkmenistana kredit bermeli, biziň proýektlerimiz ýeterlik, olar ýokary derejede netijeli goýumlary talap edýär we tölenjegine anyk göz ýetrmäge mümkinçilik berýär. Biz öz tarapymyzdan azyndan 150 million dollarlyk edilen işler üçin tölegiň berjaý edilmegini talap edýäris" diýip, belarus mediasy "Belgorhimpromyň" baş müdiri Wýaçeslaw Korşuny sitirleýär.

7-nji martda Türkmenistanyň hökümetçi "Gündogar news" neşri "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň "Belgorhimpromyň" Garlykdaky kombinaty gurmak boýunça berjaý etmedik borçlarynyň faktlaryny halkara arbitraž suduna tabşyrandygyny, onuň günäsini subut edendigini we ýetirilen zyýanyň öweziniň dolmagyny talap edendigini habar berdi.

Neşriň maglumatyna görä, "Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirilen zyýany minimallaşdyrmak maksady" bilen türkmen tarapy öz territoriýasynda ýerleşýän belarus kompaniýasyna degişli tehnika baradaky meseläni hem orta atypdyr. Türkmenistanyň halkara dawalara seredýän suda ýüz tutan senesi anyk edilmeli.

"Türkmenhimiýa" konserniniň işine 7-nji martda türkmen hökümetiniň maslahatynda seredildi, emma onuň halkara arbitraž suduna ýüzlenendigi resmi maglumatlarda agzalmady.

Türkmenistan Garlykdaky kombinatyň işi boýunça halkara arbitražyna ýüzlenmek planlaryny ilkinji gezek noýabr aýynyň başynda resmi taýdan yglan edipdi.

Munuň yzýany Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka öz ýurdunyň Garlykdaky kaliý zawoduny gurandygy üçin Türkmenistandan pul almandygyny aýtdy.

2009-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň gündogarynda Garlykda gurlan kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly meseleler, şol sanda onuň ulanylyşa tabşyrylmagynyň gijikdirilmegi ýyllarboýy dowam edýän dawa sebäp boldy. 2015-nji ýylda gurulyp tabşyrylmaly kombinat 2017-nji ýylda işe girizilipdi.

Taraplar özara ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmezliginde bir-birini ençeme ýyl bäri aýyplap gelýärler.

2018-nji ýylyň iýul aýynda belarusyň media serişdeleri Belarusyň milli bankyna salgylanyp, Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergisiniň 40 million dollara ýetendigini habar berdiler.

Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasy tarapyndan we iri belarus şirketleriniň gatnaşmagynda gurlan Garlykdaky kombinatyň göz öňünde tutulan kuwwaty ýylda 1.4 million tonna barabar.

Türkmenistanyň hökümeti 1 milliard dollarlyk gurluşygyň döwletiň hasabyna maliýeleşdirilendigini aýtdy.

Türkmen ýolbaşçylary Garlykdaky kärhanany işe girizip, ýurdy dünýäniň iň öňdebaryjy kaliý eksport edijileriň hataryna goşmagy planlaşdyrypdy. Emma ol häzirki wagtda göz öňünde tutulan kuwwatynyň 5% derejesinde hem işlemeýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG