Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alym özüni otlandan soň, Orsýeti dil dürlüligini goramaga çagyrdylar 


Albert Razin
Albert Razin

Etniki udmurt alymy we aktiwisti Orsýetiň dil syýasatyna garşy protest bildirip, özüni otlanyndan soň, Human Rights Watch (HRW) hökümeti ýurduň etniki we dil azlyklarynyň ýüzbe-ýüz bolýan “çuň kök uran” problemalaryny çözmäge çagyrdy.

Orsýet, göni we gytaklýayn diskriminasiýany aradana aýyrmak bilen, lingiwistik dürlüligi ýok edýän syýasatyny goýbolsun edip, özüniň alyp barýan dil syýasatyna gaýtadan seretmeli diýip, HRW-nyň 12-nji sentýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Şondan iki gün ozal, Udmurtiýa sebitiniň paýtagty Ižewskde, regional parlamentiň binasynyň öňünde özüni otlan Albert Razin hassahanada jan berdi.

Onuň galdyran plakatynda “Eger ertir meniň dilim öljek bolsa, men şu gün ölmäge taýýar” diýen ýazgy bardy.

79 ýaşyndaky Razin 2018-nji ýylyň iýun aýynda ýazylan açyk hata gol çeken ýerli ekspertleriň biridi. Ol hatda edilen çagyryşa garamazdan, Orsýet geçen ýyl regionlarda we respublikalarda rus däl milletleriň dilleriniň hökmany okadylmagy baradaky kanuny ýatyrýan kanuny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG