Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gazagystany feminist topary hasaba almazlykda tankytlaýar


Gazagystanyň "Feminita" toparynyň agzalary
Gazagystanyň "Feminita" toparynyň agzalary

Human Rights Watch (HRW) guramasy, “eden-etdilikli we kemsidiji” karar hökmünde häsiýetlendirmek bilen, Gazagystanyň häkimiýetlerini ýurduň aýal-gyzlarynyň hak-hukuklaryny goraýan feminist inisiatiwasy toparyny hökümetden aýry gurama hökmünde hasaba almakdan ýüz öwürmekde tankytlady.

Gazagystan “Feminitany” we beýleki toparlary hasaba alman, “diňe hökümeti tankyt edýändikleri ýa-da gapma-garşylykly meseleleriň üstünde işleýändikleri üçin”, olaryň kanuny esasda işlemekleriniň öňüni almagyny bes etmeli diýip, HRW 13-nji sentýabrdaky beýanatynda aýtdy.

Bu çagyryş Gazagystanyň şikaýat sudy 3-nji sentýabrda Adalat ministrliginiň Almatydaky bölüminiň “Feminitany” hasaba almazlyk barada çykaran kararyny güýjünde galdyrandan soňra edildi.

Häkimiýetler bu guramanyň kommersiýa däl guramalar baradaky kanuna gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

“Feminita” resmi däl ýagdaýda 2015-nji ýyldan bäri işleýär.

XS
SM
MD
LG