Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmisi: Owganystanda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde bäş adam öldi


Illýustrasiýa suraty. Ýaragly owgan polisiýasy
Illýustrasiýa suraty. Ýaragly owgan polisiýasy

Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda bir ulagyň ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň üstünden barmagy netijesinde bäş adam öldi diýip, 16-njy sentýabrda owgan resmileri aýtdylar.

Farah welaýat polisiýasynyň başlygynyň metbugat wekili Mohibullah Mohibiň sözlerine görä, pida bolanlaryň arasynda aýallar we çagalar hem bar. Ol wakanyň 15-nji sentýabrda Farah welaýatynyň paýtagtynyň golaýynda bolandygyny hem aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzire çenli hiç kim öz üstüne almady. Ýöne “Talyban” topary welaýatda işjeň hereket edýär we Farah şäheriniň kontrollygyny öz üstüne almak üçin şu aýyň başynda hüjümleri amala aşyrypdy.

Şonda çaknyşyklar döwründe parahat ilatdan iki ýaşaýjy ölüpdi. “Talybana” garşy amala aşyrylan howa zarbalarynyň netijesinde toparyň söweşijileri şäherden çykypdy.

XS
SM
MD
LG