Gazagystanyň günortasyndaky Žambyl sebitinde bir obanyň dört ýaşaýjysynyň sibir başy bilen keselländigi anyklandy.
Regionyň saglyk häkimiýetleri 17-nji sentýabrda bu dört adam bilen ýakyn gatnaşykda bolan 44 adamyň hem saglyk gözegçiligi astyna alnandygyny aýtdylar.
Häkimiýetleriň sözlerine görä, dört näsaga bu kesel birnäçe gün ozal öldürilen sygyr etinden ýokuşan bolmaly.
Bir aýdan azrak wagt öň gazak paýtagty Nur-Soltanyň golaýynda bir oba hem, labaratoriýa barlaglary bu ýerde ýaşaýan birnäçe adama sibir başynyň ýokuşandygyny tassyklandan soň, karantin astyna alyndy.
Gazagystanyň saglyk ministrligi 19-njy awgustda Nur-Soltanyň 100 kilometrliginde ýerleşýän Olginka obasynyň bäş ýaşaýjysynyň sibir başy simptomlary bilen hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Olaryň dördüsiniň barlaglary sibir başynyň ýokuşandygyny tassyklady.
2016-njy ýylda Karagandy regionyndan iki adam sibir başyndan heläk boldy.