Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" hüjümlerinde azyndan 30 adam öldi


Kabul, ýaraly adam. 17-nji sentýabr, 2019 ý.
Kabul, ýaraly adam. 17-nji sentýabr, 2019 ý.

“Talybanyň” 17-nji sentýabrda Owganystanda guran hüjümlerinde azyndan 30 adam öldürildi.

17-nji sentýabrda owgan prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşan saýlaw ýygnanyşygynyň golaýynda bolan partlamada 24 adam öldi, 31 adam ýaralandy, prezidente zeper ýetmedi.

Güman edilýän jeňçi hüjümi bolanda, Gani Kabulyň demirgazygyndaky Parwan welaýatynyň paýtagty Çarikarda guralan ýygnanyşykda çykyş etmelidi.

Welaýat hassahanasynyň başlygy Abdul Kasim Sangin ejir çekenleriň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygyny aýtdy. Pidalaryň köpüsi asuda ilata degişli bolup görünýär. Pidalaryň sanynyň artmak ähtimallygy duýdurylýar.

Ýerli hökümet resmisi hüjümiň janyndan geçen bombaçy tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Kömekçisi prezident Ganä zeper ýetmändigini aýtdy. Hüjümleriň ikisiniň jogapkärçiligini hem "Talyban" öz üstüne aldy.

Başga bir hadysada, paýtagt Kabulyň merkezinde bolan partlamada azyndan üç adam öldürildi diýip, polisiýa aýtdy.

“Talyban” jeňçileri biraz öň saýlawçylary 28-nji sentýabrda boljak prezident saýlawlaryndan çetleşdirmek üçin hüjümlerini ýygjamlatjakdyklaryny aýtdylar, Gani bu saýlawlarda ikinji möhlet üçin bäsleşer.

XS
SM
MD
LG