Birleşen Ştatlar weBelarus, Orsýetiň daşary syýasat awantýuralary babatdaky aladalarynyň güýçlenmegi bilen, 11 ýyllyk arakesmeden soň özara ilçi saklamagy dikeltmegi planlaşdyrýar.
“Öz gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmagyň nobatdaky ädimi hökmünde, biziň ilçilerimizi alyşmaga taýýardygymyzy yglan etmek meniň üçin hormat” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Deýwid Heýl (David Hale) 17-nji sentýabrda Minskde daşary işler ministri Uladzimer Makey bilen duşuşyk mahalynda aýtdy.
Heýl bu duşuşykdan öň Belarusy çärýek asyr bäri dolandyrýan prezident Aleksandr Lukaşenko bilen hem duşuşdy.
Waşington we Minsk resmileriniň arasyndaky duşuşyklar soňky ýyllarda ýygjamlaşdy. Geçen aý ABŞ-nyň şol wagtky milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton Belarusa Ak tamyň ýigrimi ýylda sapar eden iň uly derejeli resmisi boldy.
Iki ýurt öz aralaryndaky sowuk gatnaşyga Orsýet 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edeninden we gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bermäge başlanyndan soň gaýtadan seretmäge başlady. Bu ýagdaýlar Belarusyň toprak bitewiligi baradaky aladalary ýokarlandyrdy.